Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Ga­raş­syz­ly­gyň bat­ly ga­dam­la­ry

Ga­raş­syz­ly­gyň bat­ly ga­dam­la­ry

19 Awgust, 2026 Makalalar
44

Şu gün­ler Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­je­gin­de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 35 ýyl­lyk to­ýu­ny my­na­syp gar­şy­la­mak hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­mek üçin uly taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de hal­ky­my­zyň her bir gü­ni be­ýik ösüş­le­re bes­len­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň dür­li kün­je­gi öz­ger­ýär, tä­ze keş­be eýe bol­ýar. «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da gu­rul­ýan des­ga­lar, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 35 ýyl­lyk to­ýu­na aja­ýyp sow­gat bol­ýar. Bu gün Ga­raş­syz we he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry bo­ýun­ça uly ösüş­le­ri ga­za­nyp, be­lent sep­git­le­ri eýe­le­ýär, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz ös­dü­ril­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­le­te öwür­mek, ila­tyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny ýo­ka­ry de­re­je­de üp­jün et­mek üçin ägirt uly iş­le­riň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny ga­zan­dy. Bu gün türk­men döw­le­ti gün-gün­den gö­zel­leş­ýär, öz­ger­ýär, ös­ýär, hal­ky­my­zyň asu­da dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, zäh­met çek­me­gi we ýaş­la­ryň bi­lim öw­ren­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Ýur­du­my­zyň dür­li kün­je­gin­de döw­re­bap iri kär­ha­na­la­ryň, dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň en­çe­me­si­niň gur­lup ulan­ma­ga be­ril­me­gi ila­tyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, şol san­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne giň möç­ber­li şert­le­ri dö­ret­di.

Tä­ze gur­lan önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry yk­dy­sa­dy­ýe­ti döw­re­bap ös­dür­mä­ge kuw­wat­ly iter­gi ber­di. Ga­ly­ber­se-de, tä­ze gu­rul­ýan önüm­çi­lik des­ga­la­ry­nyň äh­li­si­niň yl­myň we teh­ni­ka­nyň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry, dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len hä­zir­ki za­man kä­mil teh­ni­ki en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­me­gi mil­li önüm­çi­li­giň kuw­wat­ly­ly­gy­ny bir­nä­çe es­se ýo­kar­lan­dyr­dy. Iş­le­riň şeý­le oý­la­ny­şyk­ly, saz­la­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ma­gy yk­dy­sa­dy­ýe­tiň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň yzy­gi­der­li art­ma­gy­na, yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň çuň­ňur pa­ra­sa­ta ýug­ru­lan sy­ýa­sa­ty bi­len ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry­nyň dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün edil­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de döw­re­bap en­jam­lar, has ta­ky­gy, san­ly ul­ga­ma esas­lan­ýan teh­no­lo­gi­ýa­lar üs­tün­lik­li or­naş­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, yl­myň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny be­ýan ed­ýär. Bu dö­wür­de ýur­du­myz­da döw­let dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ry­nyň ösü­şi­ni öz içi­ne al­ýan giň möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­ryň en­çe­me­si üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar. Hut şu nuk­daý­na­zar­dan hem, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy, halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ul­gam­la­ryn­da dur­nuk­ly ösüş dep­gin­le­ri ga­za­nyl­dy. Mu­nuň özi di­ňe bir şu gün­ki ösüş­le­ri­miz bi­len bag­la­ny­şyk­ly bol­man, eý­sem, röw­şen gel­je­gi­mi­zi hem üp­jün ed­ýär. Çün­ki san­ly ul­ga­ma esas­lan­ýan teh­no­lo­gi­ýa gel­je­giň berk bin­ýa­dy bo­lup dur­ýar.

Yn­ha, «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da ýur­du­myz bo­ýun­ça hal­ky­my­zyň dur­mu­şy­na has ne­ti­je­li tä­sir ed­ýän en­çe­me des­ga­lar ulan­ma­ga be­ril­di. Ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de gu­rul­ýan se­na­gat-önüm­çi­lik des­ga­la­ry, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, ça­ga­lar bag­la­ry, mek­dep­ler hal­ky­my­zyň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dyr­ýar. El­bet­de, gu­rul­ýan bu mö­hüm äh­mi­ýet­li des­ga­lar di­ňe bir şu gü­nüň ala­da­sy­ny öz içi­ne al­man, eý­sem, şöh­rat­ly gel­je­gi hem na­zar­la­ýar.

Ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da­ky şan­ly se­ne­ler my­na­sy­bet­li mö­hüm äh­mi­ýet­li bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň yzy­gi­der­li ulan­ma­ga be­ril­me­gi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň, dur­muş taý­dan ösü­şi­niň art­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Be­dew ba­dy bi­len ok­gun­ly öňe bar­ýan Wa­ta­ny­my­zyň dur­mu­şyn­da oňyn öz­gert­me­le­riň, mil­li yk­dy­sa­dy­ýet­de, me­de­ni­ýet­de, ylym­da we bi­lim­de, sag­ly­gy go­ra­ýyş­da, ulag we ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da we beý­le­ki ul­gam­lar­da uly üs­tün­lik­le­riň, ösüş­le­riň ga­za­nyl­ma­gy hal­ky­my­zy joş­gun­ly zäh­me­te ruh­lan­dyr­ýar. Türk­me­nis­tan bu gün öňe sü­rül­ýän giň möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­ryň, dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýan be­ýik iş­le­riň ne­ti­je­sin­de ber­ka­rar bo­lan eş­ret­li dur­mu­şyň de­re­je­si­ni, onuň yn­san­per­wer­li­ge we mil­li ýö­rel­ge­le­re ýug­ru­lan ma­ny-maz­mu­ny­ny äle­me äş­gär ed­ýär. Ga­raş­syz­ly­gyň, Bi­ta­rap­ly­gyň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň, asu­da­ly­gyň we ag­zy­bir­li­giň ga­dyr-gym­ma­ty­na be­lent sar­pa goý­lup, ýur­du­myz­da umu­ma­dam­zat bäh­bit­li be­ýik iş­ler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar.

Ogul­ni­ýaz AN­NA­TA­GA­NO­WA,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.

Salgylanma: