Häzirki wagtda çagalaryň şadyýan tomusky dynç alyş günleri dowam edýär. Gür bagly, salkyn saýaly, dury çeşmeli hem-de beýik dagly ýurdumyzyň gözel künjegi — Gökderede çagalaryň şadyýan sesleri al-asmana göterilýär. Her tapgyrda bu ýere dynç almaga gelýän çagalar dabaraly ýagdaýda guramaçylykly kabul edilýär. Ýörite düzülen meýilnama esasynda hem-de çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna, isleglerine we ukyplaryna laýyklykda, olar merkezlerde hereket edýän gurnaklara ýazylýarlar. Dynç alýan çagalar bilen gurnaklarda döredijilik häsiýetli dürli görnüşli çäreler guralýar. Çagalar bilen gezelençler, zehin bäsleşikleri, sport ýaryşlary, aýdym-sazly şüweleňler geçirilýär. Dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyrynyň dowam edýän häzirki günlerinde bu ýerdäki dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň çagalarynyň arasynda birnäçe merkezara bäsleşikler guralýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «El hünäri – il gezer» diýen at bilen milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek, dürli materiallardan döredijilik işlerini ýasamak boýunça merkezara bäsleşik geçirildi.
«Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» dynç alyş we sagaldyş merkeziniň salkyn saýaly ýerlerinde çagalar tebigy serişdelerden dürli görnüşli gözellikleri ýasadylar. Ýelimdir dürli reňkleriň sazlaşygyndan, guran ot-çöplerden, agaç şahalarydyr ýapraklaryndan täze bir ajaýyp eser döretdiler.
Saýaly çynaryň goýry kölegesinde, Altyýap çeşmesiniň kenarynda sazandalar toparynyň ýerine ýetirmeginde dutarda milli türkmen sazlary ýaňlandy. Ol ýerde eli hünärli ýaşajyk zergär oglanlaryň ýasaýan gülýakalarydyr ýüzükleri dynç alýan çagalary haýran galdyryp, bu hünäre gyzyklanma we söýgi döretdi.
Bäsleşigiň geçip duran pursadynda çagalary hünäre gönükdirmek, hünäre söýgi döretmek, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, täze maglumatlary öwretmek maksady bilen, Arkadag şäher Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň göçme sergisi hem guraldy. Muzeý işgärleri gadymy taryhy gymmatlyklarymyzy görkezmek bilen, ata-babalarymyzyň zehin başarnygy bilen ýerine ýetiren işleriniň biziň günlerimize çenli kämilleşdirilip gelip ýetendigi hem-de agaç ussaçylygy, halyçylyk, keşdeçilik, zergärçilik, küýzegärlik, awçylyk, balykçylyk ýaly hünärler bilen çagalary giňişleýin tanyş etdiler.
Şeýle hem bäsleşikde gyzlar el işleriniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmek, haly dokamak, keşde çekmek, alaja örmek, reňkleri we nagyşlary saýlamak boýunça özara bäsleşdiler. Ata-babalarymyz «El hünäri — il gezer» diýipdirler. Bäsleşigiň dowamynda ak gyňaçly enelerimiz hem ýetginjek gyzlara ene-mamalarymyzyň görüm-göreldesi bilen gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdan milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, gelin-gyzlarymyz tarapyndan ýerine ýetirilen el işleri barada täsirli gürrüň berdiler. Gadymy el işlerimiziň şu günlerimize çenli gelip ýetendigi, ýaşlaryň hem şol gymmatlyklarymyzy kämilleşdirip, geljek nesillere ýetirmelidigi barada peýdaly maslahatlary berdiler, el işleri, dürli nagyşlar bilen bagly gyzykly rowaýatlary aýtdylar.
Bäsleşik terbiýeçilik hem öwredijilik häsiýete eýe bolup, türkmen halkynyň asylly däp-dessurlaryny ýetginjek gyzlaryň arasynda wagyz etmekden hem-de ýatdan çykmajak şatlykly pursatlardan ybarat boldy. Bäsleşige gatnaşan okuwçylara Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.