Güneş AGAMÄDOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby:
— Ynsan ömründe ýatdan çykmajak ýakymly, bagtly pursatlar bolýar — olar arzuwlaryň gunça açyp, çekilen zähmetiň, irginsiz gözlegleriň hem-de bilime bolan söýginiň miwe berýän bagtyýar günleridir. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby diýen abraýly ada eýe bolmagym kalbymy çäksiz buýsançdan, göwnümi bolsa tükeniksiz şatlykdan doldurdy. Şu ajaýyp toý gününde saýlap alan hünärimiziň mynasyp eýeleri bolup, Watanymyza ak ýürekden hyzmat etjekdigimize ynandyrýaryn. Biz — ýaşlara ylym-bilim öwrenmek, kämil hünärmenler bolup ýetişmek we öz ukyp-başarnygymyzy doly derejede açyp görkezmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işlerine elmydama rowaçlyklar ýar bolsun!