(Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).
Belli mirasgär «Gara gazmanyň gudraty» kitabyny obadaşy, ýagny Duşak obasynda ýaşap geçen meşhur türkmen sazandasy Şükür bagşa hem-de gudratly saz guraly türkmen dutaryna bagyşlapdyr. Nurnazar halypa halkyň içinden, aýratyn hem öz obadaşlaryndan Şükür bagşy, onuň ömri we döredijiligi, gylyk-häsiýetleri, zehin-başarnygy barada köp sanly örän gymmatly delilleri we gyzykly maglumatlary toplaýar hem-de şolaryň esasynda bu eserini döredýär. Mirasgäriň bu eserinde meşhur sazandanyň ömri we döredijiligi, onuň ýaşan döwründäki taryhy ýagdaýlar, türkmen halkynyň durmuş hal-ýagdaýy barada täze we gymmatly maglumatlaryň jemlenendigi sebäpli, ol eser orta mekdeplerde türkmen edebiýatyny, aýdym-saz we taryh derslerini okadýan mugallymlar üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.
Milli taryhymyza, baý mirasymyza degişli möhüm wakalary janlandyrýan halypa mirasgär mugallym N.Jumanazarow «Käriz suwy — arzymanym, arzylanym — arwanam» atly kitabyny 2023-nji ýylda halkymyza ýetirdi. Özleriniň türkmendiklerine, beýik şahsyýetleriň nesilleridiklerine buýsanyp ruhlanýan raýatlarymyza ýakymly hem ajaýyp duýgulary peşgeş berýän kitap «Käriz suwy...» we «Hatarda ner bolsa...» diýen iki bölümden durýar. Kitabyň birinji bölümi taryhda güneşli ýurdumyzda suwuň her damjasyny altyna, zere deňän aňly-paýhasly pederlerimiziň örän kämil suw desgalaryny gurup, ýerasty suwlary ýaşaýyş-durmuş hajatlary üçin netijeli we örän rejeli peýdalanmagy başarandyklary, şeýle täsin suw desgalarynyň biri bolan kärizler baradaky gymmatly, täsirli hem täsin maglumatlary özünde jemleýär. Eseriň ikinji bölüminde bolsa, türkmeniň zyýarathana deňäp, uly hormat goýup sarpalaýan jandary — türkmen halk seçgiçiliginiň naýbaşy gymmatlygy hasaplanýan arwana düýelerimiz, olaryň iner, maýa ýaly nesilleri, söwda kerwenlerinde ulanylyşy, düýe esbaplary barada rowaýatdyr tymsallaryň, bolan wakalaryň üsti bilen täsirli beýan edilýär. Şonuň üçin hem tanymal mirasgäriň bu kitaby akgynly okalýar we okyjyda juda ýakymly duýgulary döredýär.
Halypa mugallym 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginden ruhlanyp, türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşulan behişdi ahalteke bedewlerimiz barada 60 ýyldan hem gowrak döwrüň dowamynda halkymyzyň arasyndan toplan milli mirasymyzy okyjylar köpçüligine ýetirmek maksady bilen, «Türkmeniň ary-namysy — bedewi, algyr tazysy» diýen kitabyny ýazyp, okyjylar köpçüligine ýetirdi. Bu kitapda ussat mirasgär türkmen halkynyň atşynaslyk medeniýeti we seýisçilik sungaty, meşhur bedewlerimiz bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlary beýan edipdir. Şeýle hem bu kitapda ata-babalarymyzyň türkmen tazysyny köpeldişi, idedişi we aw etmekde ulanyşy bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar öz beýanyny tapypdyr.
Mirasgäriň ýokardaky gysga göwrümli filmleri halk köpçüligi tarapyndan gowy garşylandy we il içinde oňa hormat-sylag hem-de abraý getirdi.
Nurnazar mugallymyň tutanýerliligi we yhlasly zähmeti bilen döredilen bu çeper filmleriň ýurdumyzyň bilim edaralarynda ýaş nesilde milli mirasymyza buýsanjy döretmekde, gyzyklanmany we bilesigelijiligi terbiýelemekde uly ornunyň we möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly nusgalyk kitabynda şeýle belleýär: «Halkyň milli mirasyny köňül bilen duýup, aňyňda saldarlasaň, munda baýlyk käni bardyr. Kämilliginiň syryny düşündirip bolmaýan gymmatlyklary döreden ata-babalarymyzyň özleri durmuş mekdebidir».
Nurnazar mugallym halkymyzyň asyrlarboýy toplan baý medeni mirasyny ýygnamak, öwrenmek we wagyz etmek babatynda ýurdumyzda uly meşhurlyk gazanan ussat mirasgärler — murgaply, Türkmenistanyň halk mugallymy Ümür Esen, gyzylarbatly mugallym Atda Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Ahmet Halmyradow, belli mirasgär Çarymyrat Garahanow, şeýle hem milli mirasymyzy wagyz ediji, ezber žurnalist Atamyrat Şagulyýew bilen uzak ýyllaryň dowamynda döredijilik hyzmatdaşlygyny saklady. Bularyň hemmesi halypa mugallymyň türkmen halkynyň baý milli mirasyny toplamak, öwrenmek we wagyz etmek ugrundaky bimöçber yhlasynyň we döredijilikli işleriniň has-da rowaçlanmagyna, barha kämilleşmegine ýakyndan ýardam etdi.
Nurnazar aganyň agzybir we döwletli maşgalasy bar. Ol Maýagözel gelneje bilen 7 çagany — dört ogly we üç gyzy edepli-terbiýeli, ilhalar ynsanlar edip ýetişdirdi. Halypa mugallym, janypkeş mirasgär öz ýanýoldaşy Maýagözel gelnejemiz bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görüp hem-de agtykdyr çowluklaryna guwanyp, bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar.
Halypa mugallymyň uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we döredijilikli zähmetine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde döwletimiz tarapyndan mynasyp baha berildi. Ýurdumyzda bilim pudagyny yzygiderli ösdürmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandygy üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmeti nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabryndaky Permanyna laýyklykda, Nurnazar mugallym ýokary döwlet sylagy — Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglandy.
nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 9-njy dekabryndaky Permanyna laýyklykda, halypa mugallym we meşhur mirasgär N.Jumanazarow «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy. Bu döwlet sylaglary halypa pedagogy, milli mirasymyzyň hakyky muşdagyny täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrdy.
Pähimdar pederlerimiziň «Bende sylasa aş berer, Hudaý sylasa — ýaş» diýeni. Segsen ýaşy arka atsa-da, tüweleme, gujur-gaýraty egsilmeýän, şol bir edýän işlerini uly yhlas bilen edip, öz halkyndan bir adamlyk paý alyp, on adamlyk ýerine salmak üçin gije-gündiz gydyrdanyp ýören, ýaşy gaýdyşandanmy nämemi görer göze, az-kem sadalaçrak, ýöne dogumly görünýän, akyl-paýhasynyň durulygyna, ýatkeşligine haýran galaýmaly bu mährem ynsanyň — milli mirasymyzyň hakyky muşdagynyň entek-enteklerem etsem-petsemleri kän. Biz hem hormatly halypamyza kalbynda beslän şol arzuw-isleglerini durmuşda amal etmekde rowaçlyklary we üstünlikleri, milli mirasymyza degişli ilhalar eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, tut ýaly berk jan saglygyny, bala-çagalarynyň we agtyk-çowluklarynyň bagtyna guwanyp, ýene uzak-uzak ýyllar aramyzda halypalyk edip, mekdep bolup ýaşamagyny, maşgala abadançylygyny arzuw edýäris.