Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
«Hünär eýesini eziz eder»

«Hünär eýesini eziz eder»

28 Iýul, 2026 Makalalar
7

Adamyň durmuşynda onuň geljegine düýpli täsir edýän pursatlar bolýar. Şolaryň biri hem mekdebi tamamlap, ömrüň täze menziline gadam goýulýan pursatdyr. Şonda dogry çözgütleri kabul etmek möhümdir. Ömrüň täze menzili, köplenç, geljekki hünäriňi saýlamak bilen bagly karara gelmekden başlanýar. Sebäbi hünär ynsana durmuşda ornuny tapmaga, maddy we ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

«Hünärli oglan hor bolmaz», «Ýigide müň dürli hünär hem az» diýen pähimleri döreden halkymyzda hünär, ukyp-başarnyk, zehin ynsan üçin uly baýlyga deňelýär. Gadymy halk rowaýatlarynda wagtyny we serişdelerini bilim almaga, hünär öwrenmäge, ukyp-başarnygyny artdyrmaga gönükdirip, maksadyna ýetýän, bagtyny tapýan gahrymanlaryň keşbi hem, häzirki döwürde aň-paýhasyň, yhlasdyr zähmetiň saýasynda üstünlik gazanýan adamlaryň göreldesi hem munuň hakykatdygyny äşgär edýär. Eger ömrüň möhüm menziliniň hünär öwrenmekden başlanýandygy bilen ylalaşsak, onda haýsy hünäri saýlamalydygy baradaky sowala jogap gözlemeli bolýarys. Ine, şu ýerde örän oýlanyşykly hereket edip, dogry ýoly saýlamaly.

Bilim almak, hünär öwrenmek üçin ömrüň 4-5 ýyly sarp edilip, şol döwür durmuşyň geljekki 40 — 50 ýylyna täsirini ýetirýär.

Çalt depginde özgerýän dünýäde hünär saýlamak ýeňil iş däl. Biz her gün emeli aňyň, sanly ulgamyň, innowasiýalaryň zähmet bazaryny özgerdýändigine şaýat bolýarys. Şol sebäpden-de, bu günki gün hünär saýlawynda azyndan 10 — 15 ýyl geljege nazar aýlamaga, öz ukyp-başarnyklaryňa dogry baha bermäge çalyşmaly. Ýurdumyzda döwrüň zerurlyklaryndan ugur alnyp, ýokary we orta hünär bilim ojaklarynda her ýyl täze hünärleriň onlarçasy açylýar, nusgawy hünärleriň okuw maksatnamalary zamananyň şertlerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy, innowasion senagatyň ösmegi, kuwwatly önümçilik klasterleriniň döredilmegi ozal geljegiň hünärleri hasaplanylan ugurlaryň bilim maksatnamalaryna haýal etmän ornaşdyrylmagyny talap edýär.

Sanly ulgamyň giň gerime eýe bolmagy bilen, zähmet bazarynda tehnologik ugurly hünärmenlere islegiň ýokarlanýandygyny görýäris. Şoňa görä-de, emeli aň, uly maglumatlar gory (Big Data), zatlaryň interneti (IoT), bioinformatika we bioinženerçilik ýaly ata-enelerimiziň akylyna-huşuna gelmedik ugurlar hem bu gün döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda, kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde, önümçilik işini awtomatlaşdyrmakda we robotlaşdyrmakda, maliýe ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar. Ekologiýa we «ýaşyl» ykdysadyýet bilen bagly hünärlere isleg hem barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň ýokary bilim ojaklarynda bu ugurlar bilen bagly hünärleriň sany ýylsaýyn artýar.

Geljekde ähmiýeti ýokary boljak hünärler barada gürrüň açylanda, şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan çykarylan «Geljegiň hünärleriniň atlasy» barada hökman belläp geçmelidiris. Bu gözükdirijide gysga we orta möhletli geljekde, ýagny ýakyn 20 — 25 ýylyň dowamynda nähili täze hünärleriň dörejekdigi, haýsy hünärleriň zähmet bazarynda uly islegden peýdalanjakdygy, olaryň wezipeleri we ygtyýarlyklary bilen bagly maglumatlar berilýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli hünärleriň ýüzlerçesi barada içgin düşünje berýän bu gözükdirmäni kitaphanalardan, şeýle hem ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň internet sahypasyndan we «Sanly Bilim» portalyndan tapyp bolýar. «Geljegiň hünärleriniň atlasynda» orun alan hünärleriň köpüsiniň ýakyn ýyllarda açylmagynyň meýilleşdirilýändigine garamazdan, häzirki okuw maksatnamalarynda olara binýatlyk bolup hyzmat etjek ugurlary kesgitlemek kyn däl. Sebäbi täze hünärleriň hiç birisi-de tarp ýerden döremän, ozal bar bolan kesp-kärleriň döwrüň şertlerine görä özgerip kämilleşmeginden kemala gelýär. Şonuň üçinem hünär saýlamazdan ozal dalaşgärlere «Geljegiň hünärleriniň atlasyna» göz aýlamak peýdalydyr.

Geljegiň hünärleri bilen bagly gürrüňlerde emeli aňyň we tehnologiýalaryň ähmiýeti barada köp agzalýar. Şol sebäpden-de, «Geljekde emeli aň we sanly ulgam bilen bagly hünärleriň ähmiýeti ýokary boljak bolsa, onda ozalky kesp-kärleri öwrenmek üçin wagtyňy sarp edeniňe degýärmi?» diýen sowala hem jogap gözlemeli bolýar. Elbetde, tehnologiýalaryň yzygiderli kämilleşýändigine garamazdan, olaryň hiç mahal dolulygyna ynsanyň ornuny tutup bilmejekdigi aýdyň hakykatdyr. Şeýle hem her hünäriň öz rysgynyň bardygyny ýatdan çykarmaly däl. Üstesine-de, robotlaryň hem-de emeli aňyň ynsan başarnyklaryny çalşyp bilmejek ugurlary juda köp. Mysal üçin, lukmançylykda we saglygy goraýyşda emeli aň tehnologiýalary nähoşlan adamyň deslapky gözden geçirilişi bilen bagly maglumatlary seljerip, keseli kesgitlemek boýunça maslahat berip biler. Emma ahyrky netijäni diňe tejribeli lukman kabul etmelidir. Bilim we pedagogika babatda-da, emeli aň tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň barha artýandygyna garamazdan, kämil şahsyýeti kemala getirmekde, çagalaryň gizlin başarnyklaryny ýüze çykarmakda, olara ruhy goldaw we ylham bermekde öz kärine ussat mugallymyň orny aýratyndyr. Hatda gurluşyk-binagärlik pudagynda hem emeli aň binanyň berkligini üpjün etmek we dizaýn bilen bagly çözgütleri hödürläp biler. Emma binanyň guruljak ýeriniň hakyky şertlerini öwrenmekde, gurluşyk işleriniň dowamynda ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlarda çözgütleri kabul etmekde adamyň ornuny tutup bolmaz. Oba hojalygynda emeli aň we robotlar hiç mahal ekinleri ösdürip ýetişdirmek ýa-da mallara ideg etmek bilen bagly işleri başdan-aýak özbaşyna ýerine ýetirip bilmez. Ýeriň, tebigatyň we janly bedenleriň hakyky ýagdaýyna baha berip, işleriň dogry alnyp barlyşyny gazanmak diňe ynsana başardar. Şular ýaly mysallary näçe getirseň, getirip oturmaly.

Zähmet şertleriniň we hünär talaplarynyň özgerişini nazara alanyňda, ýene bir aýdyň hakykata göz ýetirýäris. Ol hem häzirki döwürde haýsy kesp-kär bilen meşgullanýandygyňa garamazdan, innowasiýalary özleşdirip, tehnologiýalar bilen el-ele berip gitmegiň zerurlygydyr. Şonuň üçinem dogry pikirlenmek, toparyň düzüminde ylalaşykly işlemegi başarmak, adamkärçiligiňi saklamak, iň esasysy-da, bütin ömrüň dowamynda öwrenmegi, üznüksiz bilim almagy dowam etdirmek şu günde we geljekde bäsdeşlige ukyply bolmagyň esasy şertleridir. Şol sebäpden bilim almaga we hünär öwrenmäge kesgitli menzil däl-de, ömrüň bütin dowamynda tükenmeýän ýol hökmünde garamak dogry bolsa gerek.

Hünär saýlawy geljegiň barada ikirjiňlenmeleriň däl-de, durmuş ýoluňy ýagtyltjak mümkinçiliklere tarap okdurylmagyň pursadydyr. Şeýle pursatda döwrüň demini duýmagy başarmak, yhlasyňy gaýgyrmazlyk we hemişe kämillige ymtylmak ýaşlaryň iň ýakyn hemralarydyr.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».

Salgylanma: