Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde 58-nji Halkara himiýa olimpiadasy geçirildi. Dünýäniň 92 döwletinden 363 zehinli okuwçynyň gatnaşan bu abraýly bäsleşiginde Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylary ýurdumyza wekilçilik edip, 1 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar.
Hususan-da, mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Pälwan Ilmämmedow kümüş, 12-nji synp okuwçylary Diýar Döwletow, Aýlar Orunowa hem-de Rüstem Jumaýew bolsa bürünç medallara mynasyp boldular. Belläp geçsek, soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary halkara himiýa olimpiadalarynda jemi 33 medala (1 altyn, 12 kümüş, 20 bürünç) eýe bolmagy başardylar.
Gazanylan şeýle üstünlikler ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň halkara derejede kämilleşdirilýändiginiň hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraý-mertebesiniň dünýä giňişliginde barha belende göterilýändiginiň anyk güwäsidir.