Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Buýsançly ýürekleriň alkyşy

Buýsançly ýürekleriň alkyşy

1 Sentýabr, 2026 Makalalar
14

Elman MÄMMEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby:

— Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bolmak meniň üçin uly bagt we buýsançdyr. Bu abraýly ýokary okuw mekdebinde bilim almak meniň saýlap alan sport görnüşim boýunça ussatlygymy has-da ösdürmäge, tejribämi artdyrmaga giň mümkinçilikleri açar.

Men sport bilen meşgullanyp başlan günlerimden bäri yhlasly zähmet çekip, öňde goýan maksatlaryma ýetmäge çalyşýaryn. 2025-nji ýylda Ispaniýa Patyşalygynda geçirilen «T.1.Jovenes Promesas: U17» atly halkara ýaryşynda altyn medala mynasyp boldum. Şeýle-de, Wýetnamda geçirilen Aziýa çempionatynda, Azerbaýjan döwletinde geçirilen III GDA-nyň oýunlarynda üstünlikli çykyş etdim. 2026-njy ýylda Özbegistan Respublikasynda geçirilen halkara ýaryşda kümüş medal gazandym. Şeýle hem birnäçe gezek Türkmenistanyň çempiony bolmak bagtyna eýe boldum.

Bu üstünlikleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri, tälimçilerimiň beren gymmatly maslahatlary, maşgalamyň goldawy we Watanyma bolan söýgim durýar. Geljekde hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby hökmünde ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrmak, halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmek üçin güýç-gaýratymy gaýgyrmaryn.