Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi

Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi

28 Iýul, 2026 Makalalar
4

Bedew bady bilen aýdyň maksatlary nazarlaýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ýaşlaryň saýlap alan hünäri boýunça kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Her ýyl däp bolşy ýaly, 2026-2027-nji okuw ýyly üçin hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalary tabşyrmak möwsümi tamamlandy.

Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň biri bolup, geljekki halkara gatnaşyklary ugrunda zähmet çekjek ýaş hünärmenleri taýýarlaýar. 2008-nji ýylyň 20-nji martynda bu institutyň döredilmegi ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça bir bitewi ulgamyň kemala getirilmeginiň başlangyjyna öwrüldi. Institut häzirki wagtda hünärmen we bakalawr maksatnamasy esasynda halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, halkara hukugy, halkara ykdysady gatnaşyklary we halkara žurnalistikasy ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. Ýokary okuw mekdebini tamamlan uçurymlar bolsa döwlet düzümlerinde, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda, halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalarda zähmet çekýärler.

Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi diňe bir talyp ýaşlary däl, eýsem, sanly diplomatiýa, gündogary öwreniş, seljeriş we strategik meýilleşdiriş, parahatçylyk we bitaraplyk, halkara hususy hukugy, halkara jemagat hukugy, halkara arbitraž we işewürlik hukugy, halkara ykdysadyýet we syýasy kommunikasiýa, internet žurnalistikasy ugurlary boýunça magistrleri taýýarlamakda uly üstünlikleri gazanýar. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistanyň 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna biragyzdan kabul edilmegi bilen ýaş döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen täze sahypalar ýazyldy. Geçen döwürde ýurdumyz BMG bilen strategik gatnaşyklarynyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki tagallalary durmuşa geçirdi.

Şonuň bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn orun berilýär. Dünýäniň abraýly we öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Institutymyz geçen döwrüň içinde 34 döwletiň ýokary okuw mekdepleri we diplomatik akademiýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalaryň 45-sine gol çekişdi. Şeýle hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy netijesinde dünýäniň bilim ulgamynda gazananlary milli bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylyp, özüniň oňyn netijesini berýär. Şeýlelikde, halkara gatnaşyklary ulgamynda bilim alýan magistrleri dünýä ülňülerine laýyklykda taýýarlamak maksady bilen, 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap, iki ýyllyk okuw maksatnamasy işlenip taýýarlandy we kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň 12-nji
dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumdaky eden çykyşynda: «Parahatçylygy döretmek ulgamynda öňüni alyş diplomatiýasynyň syýasy-diplomatik serişdelerini we usullaryny giňden peýdalanýan Milletler Bileleşiginiň baý tejribesine esaslanyp, şeýle hem Bitaraplygyň tejribe häsiýetini ösdürmek, ylmy-barlag, bilim işini amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýär. Bu başlangyjyň goldaw tapjakdygyna umyt edýäris hem-de dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen şu meselä jikme-jik seretmäge taýýardygymyzy beýan edýäris» diýen sözlerinden ugur alnyp, institutyň düzüminde täze parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy açyldy. Kafedranyň esasy wezipesi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga esaslanan daşary syýasatynyň milli hem-de dünýä tejribesi boýunça talyplara düýpli bilim bermek, Bitaraplyk syýasatynyň halkara gatnaşyklaryndaky parahatçylygy dörediji gural hökmündäki aýgytly ornuny ylmy taýdan öwrenmek, ýaş alymlaryň, ilkinji nobatda aspirantlaryň we dalaşgärleriň ylmy işlerini ugrukdyrmak, degişli ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak, monografiýalary, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny taýýarlamak ýaly işleri amala aşyrmak bilen ýakyndan baglanyşykly bolup durýar.

Elbetde, ähli işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bar. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Merdan BERDINYÝAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.

Salgylanma: