Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Aýdyň maksatlar, ynamly ädimler

Aýdyň maksatlar, ynamly ädimler

7 Iýul, 2026 Makalalar
36

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, zehin-başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimde uly sepgitleri nazarlaýan, özüniň yhlasy, döredijilik ukyplary bilen deň-duşlarynyň arasynda görelde bolýan ýaşlar günsaýyn artýar. Farap etrabyndaky 10-njy orta mekdebi şu ýyl üstünlikli tamamlan Farida Jumaýewa hem şeýle ýaşlaryň biri. Geografiýa bizi dünýä ýurtlarynyň medeniýeti, syýasy ýagdaýlary we özara gatnaşyklary bilen ýakyndan tanyşdyrýar. Tebigatyň kanunalaýyklyklaryna düşünmek, ekologik meselelere akyl ýetirmek we geografik gurşawyň syrlaryny çözmek köpler üçin örän gyzykly bolsa gerek. Geografiýa ylmyna bolan gyzyklanmasy Faridany halkara gatnaşyklary ugrundan bilim almaga höweslendirýär.

Iňlis dili we taryh sapaklaryny ürç edip okaýan Farida bilimini dürli ugurlar boýunça kämilleşdirýär. Ol mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine geografiýa ugry boýunça gatnaşyp, 2023-2024-nji okuw ýylynda welaýat tapgyrynda II orny, 2025-2026-njy okuw ýylynda umumydöwlet tapgyrynda III orny eýelemegi başardy. Şeýle hem 2024-nji ýylda Hindistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan halkara «5th Bharat Ko Janiye Quiz» atly bäsleşikde iň gowy netije görkezen 50 sany gatnaşyjynyň biri hökmünde ýörite şahadatnama bilen sylaglandy.

Farida 2024-2025-nji okuw ýylynda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly III integrirlenen olimpiadasynyň I tapgyrynyň ýeňijisi bolup, «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly altyn gaznasynyň III derejeli agzalygyna kabul edildi. Ýene şol okuw ýylynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda ekologiýa dersi boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda II derejeli, 2025-2026-njy okuw ýylynda Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk instituty tarapyndan geografiýa dersi boýunça geçirilen bäsleşikde III derejeli diplomlara mynasyp boldy.

Halkara gatnaşyklary ulgamynda ökde hünärmen bolup ýetişmegi maksat edinýän Farida bulardan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň VI oýnuna gatnaşmaga mümkinçilik gazandy.

Maksada okgunly ýaş zehin öz saýlap alan ugry boýunça ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmaga yhlasly taýýarlyk görýär. Biz hem Farida Jumaýewa mundan beýläk-de uly üstünlikleriň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

«Nesil».