Okuwçylara kämil, döwrebap bilimdir terbiýe bermek bu günki günüň esasy ugurlarynyň biridir. Çünki orta mekdebi tamamlan okuwçylar geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmelidirler. Watanyň mynasyp oguldyr gyzlary bolmak üçin bu günki gün orta mekdebi tamamlan ýaşlardan başarjaňlyk, oňat ýatkeşlik, ösen matematiki ukyplar, taryhy we edebiýaty çuňňur bilmek, tebigy-ylmy dersleri oňat özleşdirmek, kompýuter sowatlylygy, öz raýat hukuklaryňy bilmek, bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak, bilimleri döredijilikli, täze şertlerde ulanmagy başarmak talap edilýär. Hut şulardan ugur alnyp, orta mekdeplerde okuwçylaryň sözleýiş başarnyklary ösdürilýär. Şunda çeper edebiýaty okatmak, düzme ýazdyrmak ugurlaryna üns berilýär. Orta mekdebiň edebiýat dersi boýunça okuw maksatnamasynda okalan eseriň gahrymanlaryny häsiýetlendirmek, tekstdäki çeperçilik serişdeleriniň hyzmatyny düşündirmek, eseriň esasy temasyny we ideýasyny kesgitlemek, many-mazmunyny, wakalaryny derňemek we ähmiýetli taraplaryny beýan etmek ýaly başarnyklar kemala getirilýär. Bu başarnyklary kemala getirmekde düzme ýazmagyň aýratyn uly hyzmaty bar.
Düzme ýazmak okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmeklerine, öz pikirlerini ýazuw üsti bilen özbaşdak beýan edip bilmek başarnyklaryny artdyrmaga ýardam edýär. Okuwçylaryň sözleýiş, ýazuw endikleriniň ösdürilmeginde edebi eser esasynda ýazylan düzmeleriň orny uludyr. Düzme ýazmak ünslüligi, pikiriňi logiki, aýdyň, janly, täsirli beýan etmegi başarmagy talap edýär. Meselem, gahrymanyň daş keşbini we içki dünýäsini, başga gahrymanlar bilen aragatnaşygyny, jemgyýet we tebigat bilen gatnaşygyny göz öňüne getirmän, düzme ýazmak mümkin däldir. Bu göz öňüne getirijilige täzeden döretmek diýseň hem bolar. Okuwçynyň täzeden döretmegi, ýagny göz öňüne getirijiligi näçe ýokary bolsa, şonça-da ol eseriň keşpleri ulgamyny dogry kabul edýär. Şunda okuwçylaryň täzeden döretmek başarnygyna ýokary baha berýäris we olaryň ýazmak, döretmek başarnyklaryny ösdürýäris. Edebi tema boýunça düzme ýazylanda, okuwçy eseriň manysyny, gahrymanlaryny göwnejaý özleşdirýär.
Okuwçylaryň düzme ýazmak endigini ösdürmekde düzme ýazmaga taýýarlyk sapagynyň orny uludyr. Düzme ýazmaga taýýarlyk sapagynda mugallym okuwçylary düzmäniň temasy bilen tanyşdyrýar. Aýdaly, Şaly Kekilowyň «Kareliýa jeňňelinde» atly poemasy esasynda düzme ýazdyrylýar. Şonuň bilen birlikde, mugallym saýlanyp alnan temany näderejede özleşdirip bilendiklerini anyklamak üçin okuwçylar bilen sorag-jogap alyşýar. Mugallym okuwçylaryň ünsüni çekmek üçin ugrukdyryjy soraglar berýär we okuwçylary düzme ýazmaga taýýarlaýar.
Okuwçylar bilen sorag-jogap alyşýan wagtymyzda görkezme esbaplardan, multimedia tagtasyndaky slaýdly şekillerden hem peýdalanýarys. Şeýle hem düzme ýazmakda sitatanyň orny, ony dogry saýlap almak barada mugallymyň maslahaty gerekdir. Şundan ugur alyp, okuwçylary sitata saýlamaga ugrukdyrýarys. Özi hem sitatanyň ýazylýan düzmäniň many-mazmunyna laýyk gelmelidigini düşündirýäris. Şeýlelikde, okuwçylar sowal-jogaplar boýunça düzmäniň meýilnamasyny düzýärler we pikirlerini yzygiderli beýan edýärler. Okuwçylaryň düzmäni sowatly ýazyp beýan etmegi, olaryň dil baýlyklaryny, sözleýiş başarnyklaryny ösdürýär.