Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Çagalyk. Täze dostlar. Geljege ýol

Çagalyk. Täze dostlar. Geljege ýol

24 Awgust, 2026 Makalalar
34

Dünýäniň ähli şatlyk-şagalaňy çagalaryň ýylgyryşyndan başlanýar. Geljegiň işiginden çagalaryň ädimi bilen gadam basylýar. Olary begendirmek, şatlygyna şatlyk goşmak, arzuwlaryna ýetmekleri üçin ýol açmak, megerem, özümiz üçin ediljek haýyr işleriň iň ýagşysydyr. Biz, ine, şeýle düşünjeleriň kemal tapýan, çagalaryň bagtly pursatlary hakyda düwünçegine düwýän ýurdunda ýaşaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem alada-tagallalary çaga dünýäsini nurlandyrmakdan gözbaş alýar. Indi ýylyň-ýylyna müňlerçe ildeşimizi bir ýerde duşurýan «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka aýdanlarymyzyň anyk-aýdyň mysalydyr. Çagalar forumy bu gezegem ýaş türkmenistanlylara ýakymly ýatlamalary, täze dostlary, bilim-başarnyklary, mahlasy, jemleseň özboluşly hekaýa boljak gyzykly başdangeçirmeleri bagyş etdi. Halkara sergi-ýarmarka çagalar üçin tomusky dynç alyş möwsüminiň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Dört günläp dowam eden «Kids EXPO» halkara sergi-ýarmarkasy çagalary gyzyklandyrýan dürli tematiki ugurlary öz içine aldy. Onda çagalaryň ýaş aýratynlyklary we döwrebap gyzyklanmalary göz öňünde tutuldy. Has anygy, bu ýerde täze doglan çagalar üçin harytlar, mekdep esbaplary, bilim we çagalaryň okuwa taýýarlygy, oýnawaçlar hem-de ösüşe ýardam edýän oýunlar, tans, aýdym, şekillendiriş sungaty, saglyk, çagalara bilim bermekde innowasion tehnologiýalar, şeýle hem çagalar edebiýaty, körpelere niýetlenen neşirler ýaly mowzuklarda gurnalan diwarlyklar sergi-ýarmarkanyň köpugurly häsiýete eýe bolmagyny şertlendirdi. Diwarlyklar bilen ugurdaşlykda sergide çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda bilim hem sport bäsleşikleriniň guralmagy ýaş nesliň iň ähmiýetli ugurlara — zehin-başarnyklaryny kämilleşdirmäge üns berýändigini äşgär edýär. Ýüzugra sanlary tiz hasaplamagy başarýan, küştüň birnäçe görnüşi boýunça halkara ýaryşlarda özüni tanadan ýetginjekleri görüp, neneň buýsanmajak?!

Halkara sergi-ýarmarka bir meýdançada geçirilse-de, ýaş zehinliler üçin zolak, hünärler şäherjigi, STEM ylmy zolagy, okuwlar zolagy, sungat zolagy, planetalary öwreniş zolagy ýaly birnäçe mowzuklaýyn zolaklarda dowam etdi. Bu çagalaryň gyzyklanmalaryna kybap gelýän bilim we güýmenje isleglerini doly kanagatlandyrýar. Olarda oýunlaryň çagalary aň taýdan kämilleşdirmek çäreleri bilen utgaşdyrylmagy aýratyn bellärliklidir. Çünki bu häzirki döwrüň okuw usulyýetleriniň özboluşly aýratynlygy hökmünde mekdeplerde we bilim merkezlerinde giň gerime eýe boldy. Dürli hünäriň başyna baryp görmek çaga üçin şu günüň möhüm zerurlygy bolmasa-da, oňa zehinini açmaga, ene-atasyna bolsa çagasynda bu zehiniň näderejede ýüze çykýandygyny görmäge ýardam edýär. Sergide körpeleriň özleri üçin güýmenje, aslynda welin özbaşyna hünär hasaplanylýan ugurlar — küýze, şaý-sep ýasamak, surat çekmek, tikin-çatyn, el işleri we beýlekiler bilen gümra bolup oturanyny görmek nähili ýakymly?! Zehiniň açylmagy üçin onuň gözleginde bolmak gerek. Çagalar bolsa bu gözlege çykyp, öz hünär ýoluny tapmaga ymtylýarlar.

«Çaga» sözi, belki-de, «päklik» diýen düşünjäniň iň ajaýyp aňlatmasydyr. Päk kalply çagalaryň edep-ekramly, zehinli kemala gelmegi bolsa olaryň terbiýesine, görüm-göreldesine bagly. Öňde danalaryň biriniň: «Ata-enäniň öz perzendine berip biljek iň gowy sowgady — onuň ajaýyp edep-terbiýesidir» diýen sözleri nesilleriň arabaglanyşygynyň bitewüligini edep-terbiýäniň döredýändigine şaýatlyk edýär. Çaganyň düýnüň tejribesini, şu günüň meýillerini hem-de geljegiň gyraňyny öwrenip-özleşdirip, öz geljegini akylly-başly gurmagy üçin ene-atanyň hyzmaty örän uludyr. Bu durmuşy ýörelgäni «Kids EXPO» sergisiniň mysalynda ene-atalaryň gatnaşmagynda geçirilen sapaklardan we çagalara hünär öwretmek bilen bagly beýleki çärelerden hem aýdyň görmek bolýar.

Şu gezekki «Kids EXPO» sergisinde çagalaryň saglygy baradaky tagallalary, bu ugurda ýurdumyzda alnyp barylýan işleri görkezýän diwarlyklaryň, olaryň kadaly, saglyk düzgünlerine laýyklykda ösdürilip ýetişdirilmegi bilen bagly maslahat beriş sapaklarynyň aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny nygtamalydyrys. Sergi-ýarmarkanyň ajaýyp künjeginde ýerleşdirilen Arkadag şäheriniň düzümleriniň diwarlygynda serginiň myhmanlary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hyzmatlary, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümleri we çagalaryň abadançylygyna gönükdirilen beýleki işler bilen tanyşdyryldy. Diwarlykda haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde bejergi alýan çagalar hem dürli oýunlary oýnadylar. Sagaldyş-dikeldiş merkezinde dürli çaga kesellerini bejermekde, olary bejergi işlerine taýýarlamakda öňdebaryjy usullardan peýdalanylýandygy, mysal üçin, häzirki wagtda çagalaryň sözleýşini ösdürmek, dürs geplemegini gazanmak üçin tomatis usulynyň ulanylýandygy barada bellemek bolar. Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň pedagog-psihology Oguljeren Artykowanyň gürrüň bermegine görä, belli kompozitor Mosartyň sazlary esasynda maksatnama boýunça çagalaryň sözleýşi dikeldilýär. Bu usul dünýäniň öňdebaryjy ýörelgeleriniň biri bolup, häzire çenli oňyn netijeleri berip gelýär. Mundan başga-da, sergide çagalaryň bejergi alşy barada giňişleýin gürrüň berildi.

Çagalar sergisinde küşt boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi çäräniň gerimini we oňa bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy. Munuň özi akyl-paýhas oýny bilen gyzyklanýan körpe nesliň sanynyň barha köpelmegine ýardam edýär. Häzirki wagtda küşt boýunça ýurdumyzyň adyndan daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlarda çagalar we ýetginjekler ýygyndymyz üstünlikli çykyş edip gelýär. Onuň düzümine girýänleriň sanynyň birlän-ikilän däl-de, örän köpdügi geljekki menzillerde sportuň bu görnüşi boýunça uly üstünlikleriň gazanyljakdygyny wada berýär. Nobatdaky ýaryş ýaş nesil üçin güýç synanyşmaga, ukyp-zehinini görkezmäge ýene bir mümkinçilik boldy. Ol küştüň türkmen mekdebiniň täze nesliniň zehinli çagalardan we ýetginjeklerden ybaratdygyny äşgär etdi.

Çaga diýlende, multfilm sözüniňem ýygy agzalýandygyny, köplenç, oňa eýerip gelýändigini hemmämiz bilýäris. Häzirki döwrümiz türkmen we daşary ýurt dillerindäki multfilmlere örän baý. Teleýaýlymlarda, dürli sanly platformalarda, internet sahypalarynda hödürlenilýän multfilmleri görüp, çagalarymyzyň söz baýlygam, düşünjesem barha kämilleşýär. Mesele diňe çaganyň dogry, kadaly, terbiýeçilik ähmiýetli zatlara tomaşa etmegini gazanmakda. Şu gezekki sergide täze tanyşdyrylan «Nowça TV» platformasy-da bu ugurda geljekde çagalaryň söýgüli güýmenjesine öwrüljek taslamalaryň biridir. Ol çagalaryň bilim-terbiýeli, milli ruhda kemala gelmegine ýardam eder. Sözümiziň şu ýerinde halkara sergi-ýarmarka multiplikasion filmleri hödürleýän «Soýuzmultfilm» rus kinostudiýasyndan hem wekiliň gatnaşandygyny bellemelidiris. Onuň belleýşi ýaly, kinostudiýanyň multfilmlerini Türkmenistanda tomaşaçylara hödürlemek, türkmen hünärmenleriniň rus kinofestiwallaryna gatnaşmagyny ýola goýmak maksady bilen, hyzmatdaşlygy ilerletmek meýilleşdirilýär. Şunda kinostudiýa öz gahrymanlarynyň şekilleriniň ýerli önümlerde ulanylmagyna hem ünsi çekýär. «Soýuzmultfilm» — köpleriň çagalyk ýyllarynyň hakyda ýazgysy. Ol uly ýaşlylaryň galabasyny Çeburaşka we krokodil Gena, möjek we towşanjyk, Winni Puh we Ýemşijek, Bremen sazandalary hem-de beýlekiler bilen tanyşdyrdy.

* * *

Çagalaryň şadyýan gülüp-oýnap ýörmegi — ýurt parahatlygyndan nyşan. Durmuşyň manysam, begenç-şatlygam şolarda jemlenen. Bu — nesilleriň arabaglanyşygynyň dowamat-dowam bolmagy. Neneň onsoň baryňy çagalara bagyşlamajak?! «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka bu aýdanlarymyzyň nobatdaky güwäsi boldy. Öň çagalar sapaly tomusda diňe dynç alyş möwsümine sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Indi dynç alyş möwsüminde şatlanmaga ýene bir sebäp bar, ol hem «Kids EXPO» sergisi.

Annaguly IŞANGULYÝEW.
«Türkmenistan».