Kakajan ÇARYÝAROW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň pedagogika we psihologiýa mugallymy:
— Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romanynda: «Mugallym çagalara terbiýe berýärkä, özüniň adaty bir adamdygyny unudyp, hakyky mugallym bolmalydyr» diýlip bellenilýär. Watançy esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň bu nesihaty mugallymyň hünär taýdan kämil bolmagy üçin onuň şahsyýetine örän uly talap bildirilýändigini tassyklaýar. Emosional intellekt mugallymyň özüniň hem-de okuwçylarynyň emosiýalaryny tanamak, düşünmek, olary dolandyrmak ukybyny aňladýar. Şu nukdaýnazardan, emosional intellekti ýumşak ussatlyk — pedagogik diplomatiýa hasaplap bileris. Mugallymyň emosional intellekti iki baglanyşykly sütüne esaslanýar. Olaryň birinjisini «içerki sütün», ikinjisini bolsa «şahsyýetara sütün» diýip atlandyrmak bolar.
Içerki sütün, ýagny pedagogyň öz-özüni dolandyryşy barada aýdylanda, mugallymyň aňyna bir okuw gününiň dowamynda ençeme pedagogik gyjyndyryjylar täsir edýär. Bu ýagdaý mugallymyň sapagy dogry pedagogik akym boýunça dowam etdirmegine oňaýsyz täsirini ýetirýär. Şoňa garamazdan, öz emosiýalaryna erk edip, olary sowukganly dolandyrmagy başarýan pedagog okuwçylaryň özünden nusga alýandyklaryny hiç mahal unutmaýar. Ol «Sözlemezden ozal 5 sekunt saklan hem pikirlen!» ýörelgesine, «Girmeziňden öň çykmagyňy oýlan» halk pähimine eýerip, oňlanylmaýan emosiýalary tiz duýýar hem-de olary dessine «tertibe salýar». Munuň üçin «Şu ýerde — şu wagt», «Gijikdirip jogap bermek», «Ýagdaýa aňly-düşünjeli baha bermek» usullaryny peýdalanmak ýerliklidir.
Şahsyýetara sütün, ýagny pedagogyň okuwçylar toparyny dolandyryşy barada gürrüň edilende, okuwçylar toparynyň çylşyrymly emosiýalar ulgamydygyny bellemek gerek. Okuwçylar bilim derejesi, saglyk ýagdaýy, emosional durnuklylygy, häsiýeti, gylygy, temperamenti, kabul edişi, ünsi babatda biri-birinden tapawutlanýarlar. Şoňa görä-de, olar islendik oňaýsyz pedagogik ýagdaýy dartgynlylyk derejesine ýetirmän, ony janly hem-de işewür hyzmatdaşlyga öwürmegi başarýan mugallyma has artyk sarpa goýýarlar. Diýmek, mugallymyň wezipesi okuwçylaryň indiwidual emosiýalaryny aradan aýyrmak däl-de, olary netijeli dolandyrmagy, okuw işine gönükdirmegi başarmakdyr. Bu babatda «Emosiýalaryň art-menejmenti», «Emosional barometr» usullaryny ulanmak amatly hasaplanylýar.
Emosional sowatlylyk mugallym üçin şu mümkinçilikleri açýar: birinjiden, hakyky mugallyma mahsus adamkärçilik sypatlary terbiýelenýär; ikinjiden, mugallyma okuwçylar topary, öz kärdeşleri, ata-eneler bilen hoşniýetli işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam edýär; üçünjiden, pedagogik aragatnaşygy kämilleşdirmek arkaly mugallym iş netijeliligini ýokarlandyrýar; dördünjiden, emosional intellekt psihologik sagdynlygy gorap saklamagyň ygtybarly ýoludyr, emosional atmosferasy oňaýly sapakda okuwçylar oňlanylmaýan emosiýalaryň «girdabyna» düşmeýärler — temadan ünsüni sowmaýarlar, jedele girmekden saklanýarlar, şahsy pikirlerini sowukganlylyk bilen paýlaşýarlar; bäşinjiden, emosional sowatlylyk mugallymyň hünär ýadawlygynyň öňüni almagyň çelgisidir. Görnüşi ýaly, emosional intellekt mugallymyň psihologik sowudydyr, ruhy galkanydyr. Ony hemişe arassa hem mäkäm saklamak mugallymçylyk işinde abraý-mertebe, üstünlik, şol sanda ynam gazanmagyň «altyn açarydyr».