Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Çyn-Maçyndan Aşgabada bilim köprüsi

Çyn-Maçyndan Aşgabada bilim köprüsi

26 Awgust, 2026 Makalalar
27

Selbi BATYROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory:

— Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýurdumyzda daşary ýurt dillerini, terjime, dil bilimi hem-de dilleri okatmagyň usulyýeti ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlaýan öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Institutymyzyň alyp barýan işinde hytaý dilini okatmaga aýratyn orun degişli. Biziň ýokary okuw mekdebimizde 1994-nji ýylda Türkmenistanda ilkinji bolup hytaý dili hünäri açyldy. Şondan bäri bu ugurda berk ylmy-usuly binýat döredildi hem-de hünärmenleri taýýarlamak boýunça baý tejribe toplandy. Soňky ýyllarda Türkmenistanda hytaý dilini öwrenmäge gyzyklanmalar barha artýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň 3 ýokary okuw mekdebinde hytaý dili mugallymlary taýýarlanylýar, 8 bilim ojagynda hytaý dili ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwredilýär. Mundan başga-da, umumybilim berýän orta mekdepleriň 10-synyň okuwçylary, 100-den gowrak bilim merkeziniň diňleýjileri hytaý dilini öwrenýärler.

Beýik Ýüpek ýolunyň giňişligi arkaly taryhy taýdan baglanyşykly bolan Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň bilim edaralary bilen institutymyzyň hyzmatdaşlygy häzirki wagtda Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, Sinszýan mugallymçylyk uniwersiteti bilen gatnaşyklarymyz üstünlikli ösdürilýär. Şu ýylyň aprelinde geçirilen gepleşikleriň dowamynda dil bilimini kämilleşdirmek, akademiki hereketi ösdürmek, ylmy we pedagogik tejribeleri alyşmak, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu işleriň dowamy hökmünde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň arasynda hytaý dilini okatmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Biz bu ylalaşyga geljekde amala aşyryljak bilelikdäki anyk taslamalaryň, täze başlangyçlaryň we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň möhüm binýady hökmünde garaýarys.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW