Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Ahalteke bedewleriniň owazasy — Ýewropa yklymynda

Ahalteke bedewleriniň owazasy — Ýewropa yklymynda

28 Awgust, 2026 Makalalar
45

Şu ýylyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäheri ahalteke atçylygynyň «dünýä paýtagtyna» öwrüler. Taryhda ilkinji gezek Ýewropa giňişliginde ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempionaty, gözellik bäsleşigi, etnografik sergi hem-de ylmy-amaly maslahat ýaly tutumly çäreler geçiriler. Bu waka diňe bir giň gerimli sport ýa-da baýramçylyk çäresi bolman, eýsem, Türkmenistanyň milli gymmatlygy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýä giňişligindäki ornuny täze derejä çykarýan medeni diplomatik üstünlikdir. Halkara ähmiýetli atçylyk çäreleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk toýuny has-da dabaralandyrar.

Ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli köpasyrlyk ýol geçip, özüniň kämilligi bilen Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýaşaýan adamlary haýran galdyrmagyny dowam etdirýär. Geçen asyryň ikinji ýarymyndan başlap Germaniýada, Fransiýada, Şweýsariýada, Italiýada we Niderlandlarda ahalteke tohumyna bolan gyzyklanma täzeden güýçlendi. Ýewropaly atşynaslar tarapyndan döredilen Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasy bu ulgamda möhüm guramaçylyk hyzmatyny ýerine ýetirýär. Ol tohumyň genofondyny arassa saklamak, Ýewropanyň şertlerinde bedewleri sporta uýgunlaşdyrmak we genetiki barlaglary geçirmek boýunça uly işleri alyp barýar. Bu gurama Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar.

Türkmenistan — ahalteke atlarynyň ösdürilip ýetişdirilýän mekany, bu tohumy döreden gadymy toprak we baş seleksiýa merkezi. Ýewropaly atşynaslar bu tohum atlar boýunça her ýyl Aşgabatda geçirilýän halkara maslahata gatnaşyp, tohumyň arassalygy, genetika we sport integrasiýasy barada tejribe alyşýarlar. Olar atçylyk forumlarynda hem-de neşirlerde yzygiderli çykyş edip, Ýewropada ahalteke atçylygyny ösdürmäge we wagyz etmäge uly goşant goşýarlar. Awstriýada ýaşaýan atşynas hem-de weterinar lukman Markus Hubman «Endurance Horses» atçylyk hojalygyny, germaniýaly Katarina Ýakob «Akhal-Teke Zuchtverein» guramasyny, Ýožef Nýeki Wengriýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasyny dolandyrmak, Ýaroslaw Dražan bolsa Çehiýada ahalteke atçylygynyň düýbüni tutmak bilen, Ýewropada arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeldýärler, aralyk çapyşyklara taýýarlaýarlar we halkara gözden geçirilişlere hünärmen hökmünde gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen olaryň dördüsine hem «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy. Wenger atşynasy we seleksioner Ý.Nýeki häzir hem Mişkols, Opuştaser sebitlerindäki hojalyklarynda arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmek we olaryň seçgi-seleksiýa işleri bilen meşgullanýar. M.Hubman, Ý.Dražan, K.Ýakob bolsa öz fermalarynda ahalteke bedewlerini saklap, olary Ýewropada köpeltmek boýunça işlerini dowam etdirýärler.

Katarina Ýakob öz çykyşlarynyň birinde: «Ahalteke — diňe bir at däl, ol guş mysaly ýeňil, çägede emele gelen janly altyn gudratdyr» diýdi. Ýožef Nýeki bolsa: «Ahalteke bedewi janly sungat eseridir. Olaryň altyn öwüşginli bedeni, syratly anatomiýasy we eýesine bolan çuňňur wepalylygy dünýäniň başga hiç bir tohumynda ýok. Wengriýada we tutuş Ýewropada bu bedewlere bolan gyzyklanma ýyl-ýyldan artýar, sebäbi olarda gadymy taryhyň we estetiki kämilligiň syry bar» diýip, türkmen bedewine ýokary baha berýär.

Bu bedewlere bir gezek göwün beren adam olaryň duýgurlygyna we fiziki güýjüne haýran galýar. Meger, şonuň üçindir, Ýewropada ahalteke atlarynyň janköýerleri ýyl geçdigiçe artýar. Daniýaly Lene Bellhag ahalteke bedewleri boýunça Ýewropada belli seçgiçi hem-de hünärmen hökmünde tanalýar. Mikael Žan-Lui Fransiýanyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçylarynyň biridir. Ol türkmen bedewlerini Ýewropada uzak aralyga çapyşyklarda we dressaž sportunda ösdürmek boýunça hem uly işleri alyp barýar. Germaniýaly atşynas, žurnalist we seçgiçi Gudrun Waýdiçka Ýewropa yklymynda ahalteke bedewleri barada köp sanly tematik materiallaryň we fotoalbomlaryň awtorydyr. Atşynas Edit Koster Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň genofondyny arassa saklamak hem-de olary Ýewropa sportuna integrasiýa etmek ugrunda işjeň zähmet çekýär. Hans-Peter Werder bolsa türkmen bedewlerini Şweýsariýada ösdürýän meşhur seçgiçidir. Bulary behişdi bedewleriň ýurdunda — Türkmenistanda geçirilýän uly toý-baýramlarda görmek, olar bilen wagtal-wagtal söhbetdeş bolmak kalbyňa ýakymly duýgulary çaýýar.

Ýewropada okyjylara ahalteke atlaryna bagyşlanan, olary taryhy, ylmy we foto-sungat taýdan çuňňur öwrenýän ýörite ylmy-köpçülikleýin neşirler hem hödürlenýär. Mysal üçin, Germaniýada «The Akhal-Teke: Heavenly Horse of Ancient Bactria» («Ahalteke: Gadymy Baktriýanyň asman bedewi»), «Akhal-Teke: Horse of Golden Cloud» («Ahalteke: altyn bulutlaryň bedewi»), «Akhal-Teke: The Heavenly Horse» («Ahalteke: asman bedewi), Fransiýada «L’Akhal-Teke» («Ahalteke»), «Akhal-Teke: Le cheval divin» («Ahalteke: behişdi bedew») ýaly türkmen bedewleriniň taryhyna we seleksiýasyna bagyşlanan birnäçe gymmatly fotoalbomlar hem-de žurnallar çap edilýär. Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasy (Germaniýa, Niderlandlar, Fransiýa) tarapyndan çykarylýan «Akhal-Teke Inform» we «Akhal-Teke Rundschau» («Ahalteke habarlary») atly ýöriteleşdirilen tohumçylyk býulletenleri we maglumat žurnallary hem bar. Beýik Britaniýanyň atçylyk sportuna we atçylyga bagyşlanan «Horse & Hound» («At we tazy»), «Equestrian Life» («Atçylyk durmuşy») we Fransiýanyň «L’Eperon» («Üzeňňi») diýen iri žurnallarynda bolsa ahalteke bedewleri bilen bagly halkara çäreler, gözellik bäsleşikleri we atly ýaryşlar barada aýratyn habarlar we synlar berilýär.

Häzirki zaman dünýä atçylyk senagatynda iki sany uly meýil bar: birinjisi — ýewropalylaryň (aň, anatomiya we böküş tehnikasy) standartlaşdyran ýarym arassa ganly sport tohumlary, ikinjisi bolsa müňýyllyklaryň seçgiçiliginden geçen arassa ganly genofonddyr. Ýewropaly seçgiçiler ahalteke bedewiniň çydamlylygyna, uzak aralyklara geçirilýän ýaryşlardaky fiziki durnuklylygyna, iň esasysy bolsa, tohumyň arassalygyna uly üns berýärler. Şonuň üçin Ýewropadaky ahalteke atçylyk ulgamy ahalteke atlaryny diňe bir owadan «eksponat» hökmünde däl, eýsem, olaryň işjeň sport häsiýetlerini hem saklap galmaga çalyşýar. Atyň bedeniniň altyn-metallik öwüşgini hem-de «gurak» anatomiýasy ýewropalylary haýran galdyrýar. Ýewropada «warmblood» (ýarym arassa ganly) diýlip atlandyrylýan sport atlary juda köp, ahalteke bedewleri bolsa seýrek duş gelýän özboluşly ekzotika hasaplanýar. Kronenbergdäki atçylyk dabarasy «ahalteke aty» diýen brendi öňe sürmekde tagallalary birleşdirmäge ýardam eder.

Häzirki wagtda iň meşhur golland sport atlaryny (KWPN /dutch warmbloodg) ýetişdirýän Niderlandlar dünýäniň atçylyk bazarynda öňdebaryjy ýurtlaryň, atçylyk industriýasynyň, sportunyň we seçgiçiliginiň iň ösen merkezleriniň biridir. Bu ýurtda atçylyk diňe bir medeniýet däl, eýsem, ýokary derejede ösen ykdysady we ylmy ulgamdyr. 2015-nji ýylda gurlan «Peelbergen Equestrian Centre» toplumy Ýewropada öz degişli ugry boýunça iň iri we döwrebap toplum hasaplanýar.

Ahalteke bedewleriniň abraýly halkara atçylyk bäsleşikleriniň çäklerinde özüne mynasyp orun almagy olara uly meşhurlyk we şöhrat getirýär. Dünýäniň häzirki zaman weterinar we ylmy-genetika barlaghanalarynyň ünsüni Türkmenistanyň atçylyk genofondyna çekýär. Bedewlerimiziň Niderlandlar Patyşalygyndaky bäsleşikleri ýurdumyzyň bu ugurdaky halkara diplomatiýasynyň netijeliligini, işjeňligini görkezýär hem-de Ýewropa yklymynda tohumyň geljekki seçgiçilik ýoluny kesgitleýän möhüm tapgyr bolup hyzmat edýär. Bu çäre milli we halkara atçylyk pudaklarynyň ylmy-amaly hem-de tejribe taýdan utgaşýan meýdançasyna öwrüler. Şonuň üçin ony «halklary we yklymlary birleşdirýän medeni köpri» diýip arkaýyn atlandyryp bolar.

Ýewropada atlaryň sport häsiýetine we durnuklylygyna uly üns berilýär. Ahalteke atlary özleriniň çydamlylygy, ýyndamlygy hem-de çeýeligi üçin juda gymmat görülýär. Ýewropalylar 1960-njy ýylda Rimde geçirilen Olimpiadada S.Filatowyň çapyksuwarlygynda ýeňiş gazanan Absent atly ahalteke bedewini häzir hem unutmaýarlar. «Absendiň Olimpiýa münberlerini eýelän wagtyna çenli atçylyk sportunda baş öwretmegiň Günbatar Ýewropa mekdebi ykrar edilipdi... Onuň hereketleri diňe çapyksuwar tarapyndan sazlanman, eýsem, türkmen atçylygynyň asyrlara uzaýan medeniýeti, gadymy seýisçilik mekdebi tarapyndan sünnälendi» diýip, Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda aýdýar. Türkmenistan ajaýyp türkmen atlaryny Olimpiýa sportunyň meýdançalaryna täzeden gaýtaryp getirmegi maksat edinýär.

Ahalteke bedewleri Ýewropa ýurtlaryna asyrlarboýy uly täsir edip geldi, ýerli tohum atlarynyň kemala gelmegine gatnaşdy. Häzir dünýäde iň naýbaşy sport atlary bolan nemes we golland atlarynyň şejeresini çuňňur öwrensek, olaryň gözbaşynda ahalteke yzlaryny tapyp bolýar. Ýewropanyň meşhur sport tohumlarynyň, mysal üçin, arassa ganly iňlis atynda ahalteke bedewleriniň ganynyň bardygy hakykat. Iňlis ippologlary öz atlarynyň düýbüni tutujylar, ýagny iňlis tohumynyň erkek ugrunyň nesilbaşylary hökmünde üç sany meşhur aty öňe sürýärler: birinjisi — Baýerli Türk, ikinjisi — Godolfin Arabian, üçünjisi bolsa Darli Arabiandyr.

XVII asyrda Beýik Britaniýada «türk» sözi milleti däl-de, geografiýany aňladypdyr. «Baýerli Türk» diýlip atlandyrylýan bedew Wenanyň eteginde osmanlylardan olja alnypdyr. Häsiýetlendirilişine görä, ol hakyky ahalteke atyny ýada salypdyr. Munuň şeýledigini onuň taryhy suratlardaky keşbi hem tassyklaýar. Bedewiň «türk» diýlip atlandyrylmagynyň sebäbi ol döwürde iňlisler «türkmen» diýen sözi bilmeýärdiler. Beýleki iki höwür aty «arap» sözi bilen baglanyşdyrsalar-da, soňra olaryň ikisiniň hem ahalteke atlarynyň tohumyndandygy anyklanyldy. Germaniýada ýetişdirilýän trakenen tohumy Ýewropa atlarynyň arasynda ahalteke bedewleriniň iň köp gany bar bolan tohumdyr. XVIII-XIX asyrlarda Prussiýanyň şalary Gündogardan birnäçe aýgyrlary satyn alypdyrlar. Hünärmenler Turkmen-Atti atly aýgyryň arassa ganly ahalteke bedewi bolandygyny aýdýarlar. XVIII asyryň 90-njy ýyllarynda Germaniýa getirilen bu ajaýyp höwür atdan trakenen tohumy ýaýraýar. Aýdyşlaryna görä, bu at köpçülige görkezilende, myhmanlaryň biri: «Türkmen aty!» diýip gygyrypdyr. «Turkmen-Atti» diýen at şondan soň galypdyr.

Häzirki zaman iňlis, nemes we golland seçgiçileri ahalteke atynyň gany bolmadyk bolsa, öz atlarynyň beýle nepis we çeýe bolup bilmejekdigini aýdýarlar. Ýewropalylar ahalteke atynyň bu hyzmatyny gizläp duranoklar. Olar bu tohumyň dünýäde iň gadymy we iň arassa tohum bolup galýandygyny ykrar edýärler. Sentýabryň başynda Kronenberg şäherinde ahalteke atlaryna bagyşlanyp halkara çäreleriň guralmagynyň özi hem bu behişdi bedewlere goýulýan uly hormatyň nobatdaky güwäsi bolar. «Pilbergen» ýaly uly toplumda geçiriljek çärelere 3 günüň dowamynda müňlerçe tomaşaçy, şol sanda Ýewropa ýurtlaryndan we Türkmenistandan başga-da, BAE-den, ABŞ-dan, HHR-den, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan weterinarlar, atşynaslar, seçgiçiler, žurnalistler gatnaşarlar. «Equestrian Life» we «Horse & Hound» atly halkara atçylyk žurnallary bu taryhy waka Aziýa altynynyň Ýewropa yklymyndaky öwüşgini hökmünde baha berýär. Ýewropa jemgyýetçiligi XXI asyrda türkmeniň ganatly bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek üçin möhüm giňişlikdir.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan»