Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan — bagtyýar çagalaryň mekany. Ata Watanymyzda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy hem-de dynç alyş günlerini şadyýan we netijeli geçirmegi üçin ähli şertler döredilýär. Berk bedenli, sagdyn ruhly, kämil bilim-terbiýeli, zehinli türkmen ýaşlaryny kemala getirmek esasy wezipeleriň biridir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar nesillerimiziň sagdyn hem ruhubelent bolup ýetişmekleri, medeniýetli dynç almaklary üçin bimöçber tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň tomus paslynyň her bir gününi şatlyk-şowhun bilen geçirmekleri üçin hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde ähli mümkinçilikler döredilen. Tomus möwsüminiň çagalar üçin ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara baý bolmagy üçin ýörite işlenip düzülen meýilnamalar esasynda birnäçe medeni-köpçülikleýin çäreler, bäsleşikler, sport ýaryşlary yzygiderli guralýar. Bu işleriň netijesinde mekdep okuwçylary oňat dynç alýarlar, kadaly iýmitlenýärler hem-de beden taýdan taplanýarlar.
Ýakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanyp, «Gökdere — şatlyk mekany» diýen at bilen merkezara «Açyk gapylar» güni geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýokary derejede guralan bu çärä Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bu çäre ýaş nesliň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmak maksady bilen geçirildi.
Çäräniň dowamynda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna, isleglerine we başarnyklaryna laýyklykda geçirilýän köptaraplaýyn işler, mekdep okuwçylarynyň göwnejaý dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri, wagtlaryny şadyýan hem-de täsirli geçirmekleri üçin döredilýän amatly şertler aýdyňlygy bilen görkezildi. Halkymyzda gadymdan gelýän däplere eýerilip, toý pişmesiniň taýýarlanylmagy, milli senetçilik we el işleriniň dürli görnüşleriniň ýerine ýetirilmegi, türkmen milli oýunlarynyň oýnalmagy hem «Açyk gapylar» gününe gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Baýramçylyk ruhunda geçirilen «Açyk gapylar» gününde milli saz gurallarymyzda ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar, edebi sazly çykyşlar, çagalar döredijilik toparlarynyň tanslary, aýratyn-da, türkmen milli küştdepdi tansy has-da täsirli boldy. Çagalar öz çykyşlarynda, çeken suratlarynda, tebigy serişdelerden ýasan şekillerinde şu ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýuny toýlamaga taýýarlyk görýän eziz Watanymyzy, parahat we erkana durmuşymyzy, ýurdumyzda bedew bady bilen ýetilýän belent sepgitleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy uly joşgun hem-de buýsanç bilen wasp etdiler.