Mekdep okuwçylarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan günleri — täze, 2026 — 2027-nji okuw ýyly hem barha ýakynlaşýar. Şol mynasybetli şu günler ýurdumyzyň bazarlarynda, söwda nokatlarynda okuw harytlarynyň söwdasy ýola goýuldy. Täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde guralýan mekdep bazarlaryna möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda iri söwda merkezleriniň, bazarlaryň ýanynda guralan göçme söwda nokatlarynda mekdep harytlarynyň, okuw lybaslarynyň dürli görnüşleri ildeşlerimize hödürlenilýär. Satuw tekjelerinde döwrebap we ýokary hilli okuw esbaplarynyň ähli görnüşleri bar. Harytlaryň ýokary hilliligi, bahasynyň elýeterliligi alyjylary diýseň begendirýär.
Çagalar öz mähriban ene-atalary bilen mekdep bazarlaryna uly höwes bilen barýarlar. Olarda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilip, ähli dersler üçin niýetlenen depderler, dürli galamlar we surat depderleri hem-de okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna görä, ýörite niýetlenen mekdep lybaslarynyň, aýakgaplaryň, dokma toplumlarynda öndürilen sport egin-eşikleriniň köp sanly görnüşleri bar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe guralýan mekdep bazarlaryna aýlanyp göreniňde, ýurdumyzda haryt bolçulygyny döretmekde alnyp barylýan işleriň giňden we üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýat bolýarsyň.
Ene-atalary bilen täze okuw ýyly üçin okuw esbaplaryny almaga mekdep bazarlaryna gelen bagtyýar ýaş nesliň gözlerindäki begenç we buýsanç alamatlaryny synlanyňda, olaryň okamaga, öwrenmäge bolan höwesiniň çäksiz uludygyna göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarynyň işläp başlamagy okuwçylara, talyp ýaşlara täze okuw ýylyna gerek bolan harytlary bir ýerden satyn almaga mümkinçilik berýär.
Mekdep bazarlarynda halka hödürlenýän harytlaryň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilendigi guwandyryjydyr. Hususy telekeçiler hem ýöriteleşdirilen dükanlarynda okuw esbaplarynyň hem-de mekdep lybaslarynyň söwdasyny göwnejaý guraýarlar. Alyjylaryň islegleriniň ösen häzirki döwründe olara göwnejaý hyzmat etmek möhüm wezipedir.
Täze, 2026 — 2027-nji okuw ýylyna uly höwes bilen garaşýan mekdep okuwçylary we olaryň ata-eneleri bagtyýar ýaş nesiller barada edýän tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärler.