Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Çagalar — dünýäniň şatlygy

Çagalar — dünýäniň şatlygy

22 Awgust, 2026 Makalalar
44

Çaryhekim ÇARYÝEW,
Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy:

— 3 ýyldan gowrak wagt bäri paýtagtymyzdaky küşt mekdebinde tälim alýaryn. Okuwdan boş wagtlarym sportuň akyl-paýhas görnüşleri bilen meşgullanmak iň gowy görýän güýmenjäm. Maňa öz deň-duşlarymyň arasynda geçirilen birnäçe ýaryşlarda ýeňiji bolmak başartdy. Geljekde hem ökde küştçi bolup, ýurdumyzyň adyndan halkara derejeli bäsleşiklerde çykyş edip, ýaşyl tugumyzy belende götermek esasy arzuwym.

Alua BEÝBIT,
Gazagyztan Respublikasyndan:

— Aşgabatda guralan küşt ýaryşy örän gyzgalaňly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Ýaryşyň her bir tapgyry dartgynlylygy bilen tapawutlandy. Oýunlar bize ýokary taýýarlygyň gerekdigini görkezdi. Bu ýaryş ýalňyşlarymyzdan netije çykarmaga we öwrenenlerimizi berkitmäge uly mümkinçilik boldy. Şeýle halkara derejeli ýaryşa gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin köp sagbolsun aýdýaryn. Ähli gatnaşyjylara we täze dostlaryma geljekde hem uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hangeldi MYRADOW,
Türkmenabat şäherindäki 31-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy:

— Her ýyl Aşgabatda geçirilýän «Kids EXPO» sergisine gatnaşmak meniň arzuwymdy. Bu gün sergide küşt ýaryşy hem guralypdyr. Bu bolsa meniň arzuwlarymyň hasyl bolmagyna getirdi. Men Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde küşt oýnamagy öwrenýärin. Bagtyýar çagalyk döwrümiziň sapaly geçmegi üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn.

Mehriban AHMEDLI,
Azerbaýjan Respublikasyndan:

— Sport — dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň dabaralanmasy. Ak şäher Aşgabatda geçirilen küşt ýaryşlarynda biz gaýtalanmajak ruhy lezzet aldyk. Ýaryşa gatnaşan zehinli küştçüler bilen bäsleşmek maňa uly tejribe boldy. Bäsleşikde garşydaş bolsak-da, bu ýerde hakyky dostlary gazandyk we wagtymyzy örän şadyýan geçirdik. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de hormatly Prezidentine minnetdarlyk bildirýäris.

Timur YRYSOW,
Gyrgyz Respublikasyndan:

— Men Aşgabada ilkinji gezek gelýärin. Türkmen halkyny juda haladym. Olar bize «dogan» diýip ýüzlenýärler. Bu ýerde ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary, esasanam, dostlary gazandym. Çagalar üçin guralan «Kids EXPO» sergi-ýarmarkasy bu ýere gelenleriň ählisi üçin uly baýramçylyk we dostluk meýdançasyna öwrüldi. Öz ýurduma baranymda bu ýerdäki ýakymly ýatlamalarymy dostlaryma-da gürrüň bererin. Men bärde ýadygärlik kän surata-da düşdüm.

Dilber HUPBYÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy:

— Paýtagtymyz Aşgabatdaky ajaýyp çagalar baýramçylygyny görmek, tomus paslynyň iň hezil pursady boldy. Küşt ýaryşy bize dünýäniň dürli künjeklerinden gelen zehinli çagalar bilen dostlaşmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzda çagalar üçin döredilýän şertler bizi uly ýeňişlere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz — çagalar üçin edýän atalyk aladalaryna sport üstünliklerimiz bilen mynasyp jogap bermek biziň iň uly maksadymyzdyr.

«Nesil».
 
 

Salgylanma: