Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Ylym-bilim we milli terbiýe — geljegimize şamçyrag

Ylym-bilim we milli terbiýe — geljegimize şamçyrag

3 Sentýabr, 2026 Makalalar
23

Jennet PÜRLIÝEWA,
Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy:

— Mugallymçylyk kärindäki ilkinji günümden bäri bilim bilen terbiýäniň biri-birinden aýrylmaz düşünjedigine ynanýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan umumy sapagy bu ynamymy has-da berkitdi. Sapagyň dowamynda Milli Liderimiziň nesil terbiýesi hakynda aýdanlary, bu ugurda mugallymdyr halypalaryň öňünde goýan wezipeleri saýlap alan kärimize bolan tutanýerliligimizi has-da artdyrdy.

Çaga kitapdan köp zady öwrenip biler, emma ol edep-terbiýäni, salyhatlylygy, ululara hormaty, kiçilere hemaýaty, zähmete söýgini, halallygy we adamkärçiligi ulularyň göreldesinden öwrenýär. Şonuň üçin mugallymyň aýdýan sözi bilen edýän işiniň arasynda tapawut bolmaly däldir.

Ýaş nesliň kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde mugallymyň hem, maşgalanyň hem orny örän uludyr. Meni aýratyn-da, gyz çagalaryň zähmet terbiýesi baradaky pikirler oýlandyrdy. Türkmen maşgalasynda gyz perzendiň el işlerine, keşdeçilik, tikinçilik, halyçylyk ýaly milli hünärlere höweslendirilmegi asyrlardan bäri dowam edip gelýär. Eli çeper, zähmetsöýer, başarjaň gyzlar milli gymmatlyklarymyzy dowamata atarýarlar. Täze bilimleriň, häzirki zaman tehnologiýalarynyň arasynda ýaşlaryň kalbynda türkmençilik däp-dessurlarymyzy ýaşatmak iň esasy wezipämizdir. Şeýle ajaýyp durmuşda ýaşap, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagyna öz goşandymyzy goşmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Ýazga geçiren Maksatmyrat ÇARYÝEW.
«Türkmenistan»