Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Çyn-Maçyndan Aşgabada bilim köprüsi

Çyn-Maçyndan Aşgabada bilim köprüsi

26 Awgust, 2026 Makalalar
33

Li GUOLIANG,
Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Bilim müdirliginiň partiýa sekretary:

— Bilim halklaryň arasynda dostlugy berkitmegiň wajyp şertleriniň biri bolup durýar. Geçen ýylyň iýunynda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň dowamynda alty ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň açylyşyna gatnaşdylar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen çäre bolsa bu ugurda gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmekde anyk ädimdir. Munuň özi Sinszýan-Uýgur awtonom raýony bilen Türkmenistanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem mümkinçilikleri açýar.

Bilim ulgamynda alyşmalar merkeziniň işi bu ugurda toplumlaýyn hyzmatlary hödürlemäge gönükdirilen. Birinjiden, onuň çäginde biz köptaraplaýyn alyşmalar üçin ylmy-barlag platformasyny dörederis. Ikinjiden, zehinli hünärmenleriň uly toplumyny çekmäge we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga niýetlenen ýörite ulgamy kemala getireris. Şunda, esasan, energetika, magdan senagaty, häzirki zaman oba hojalygy, adaty hytaý lukmançylygy, halkara lukmançylyk kömegi ýaly ugurlarda aýratyn ünsi jemlemek maksat edinilýär. Merkeziň çäginde biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli bilim ojaklary bilen ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy barlaglary geçirmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýäris. Şeýle-de «Pikirlenmegiň ýoly» atly talyp hakly maksatnamany döredýäris. «Mugallymlar üçin pikirlenmegiň ýoly» maksatnamasy bolsa öňdebaryjy mugallymlary, gözlegçileri, dolandyryş hünärmenlerini goldamaga gönükdirilendir. Şeýle-de biz şertnama esasynda inženerçilik kollejini döretmek işine ýardam edýäris.

Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Bilim müdirligi Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerini ýokary hünär bilimini kämilleşdirmek babatda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmaga çagyrýar. Biz sebitimiziň bilim ojaklarynda okaýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň sanyny artdyrmaga hem gyzyklanma bildirýäris. Şoňa görä, HHR-iň Bilim ministrligi hem-de awtonom raýonymyzyň Halk hökümeti tarapyndan bu babatda degişli talyp hakly maksatnama döredildi. Oňa laýyklykda, her ýyl magistrantlara 50 müň ýuan, bakalawrda okaýan talyplar üçin 35 müň ýuan möçberinde maliýe kömegi berilýär. 2025-nji ýylda sebitimiziň ýokary okuw mekdeplerine Merkezi Aziýa döwletlerinden 1 müň 135 talyp okuwa kabul edildi. Häzirki wagtda bolsa 2026-njy ýyl üçin okuwa kabul etmek işi dowam edýär. Biz zehinli türkmen ýaşlaryny ylmy barlaglary geçirmek bilen, raýonymyzyň bilim ojaklarynda okamaga çagyrýarys.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW