Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Çagalara okap beriň!

Çagalara okap beriň!

12 Iýun, 2026 Makalalar
54

Tomus paslynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde çagalaryň wagtlaryny peýdaly hem hoş geçirmegini gazanmak her bir ene-atanyň esasy aladalarynyň biri. Şonuň üçin bu babatda ene-atalara ýardam etmek maksady bilen, pikirimizi paýlaşmak isleýäris. Sport bilen meşgullanmagyndan ýa-da deň-duşlary bilen dürli oýunlary oýnamagyndan başga-da, ulularyň çagalara niýetlenen dürli eserleri okap bermegi olaryň wagtlarynyň hoş geçmegine ýardam edýär. Bu babatda dünýä edebiýatyndan çagalar üçin niýetlenen ululy-kiçili birnäçe eserleriň türkmen diline terjime edilendigini bellemek ýakymly. Şolaryň arasynda XX asyryň başlaryndan bäri okyjylaryň arasynda gymmatyny ýitirmän gelýän «Pollianna» atly roman aýratyn agzalmaga mynasypdyr. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda okyjylara ýetirilen amerikan ýazyjysy Eleanor Porteriň bu eserinde ýetim gyzjagazyň ykbaly bilen bagly wakalar akgynly beýan edilýär.

Onda Pollianna atly gyzjagazyň durmuşyň kynçylykly ýagdaýlarynda özüni ýitirmän, dartgynly pursatlardan sowukganlylyk bilen baş alyp çykyşy, çagalara mahsus sada dünýäsi barada gürrüň edilýär. Adamlaryň, hatda ýakyn saýýanlarynyň hem özüne gödek daramaklary gyzjagazy ruhdan düşürmeýär. Tersine, ol töweregindäkilere hem özüniň ruhubelentlik, geçirimlilik, sabyrlylyk ýaly adamkärçilikli sypatlary bilen görelde bolýar. Polliannanyň ruhubelentligi okyjyda aýratyn täsir galdyrýar.

Romanda hemaýata mätäçlere ýardam etmek, durmuşyň kyn pursatlaryny ýeňip geçmek, ruhubelentligi özüňe hemra edinmek ýaly ýagşy gylyklar ündelýär, rehimsizlik ýazgarylýar. Bir söz bilen aýdanymyzda, Polliannanyň tutuş barlyga çaga dünýäsiniň «päk penjiresinden» garamagy başarýandygy okyjynyň kalbynda oňa bolan çäksiz söýgini döredýär.

Eseriň baş gahrymany bolan bu gyzjagazdan diňe kiçilere däl, eýsem, uly ýaşlylara hem öwrenere zat juda köp. Romandaky täsirli wakalaryň beýany bolsa ony okap tamamlanyňdan soň hem hakydaňdan çykmaýar.

Zeýnäp GURBANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.