Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň dabaralanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda her bir günümiz beýik başlangyçlara, toý-dabaralara beslenýär. Häzirki wagtda 2026-2027-nji täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri örän ýokary derejelere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesillerimiz hakyndaky aladalar döwlet derejesinde esasy ugurlaryň biridir. Şu nukdaýnazardan, çagalar hakyndaky aladany görmek we duýmak ene-atalary bagtly edýär.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, biziň etrabymyzda hem täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görülýär. Esasan hem, her okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralýan mekdep bazarlary Magtymguly etrabymyzda ýerleşýän bazarlarda we söwda merkezlerinde ýokary derejede hyzmat edýär. Bu ýerdäki okuw esbaplary, okuw lybaslary, şonuň ýaly-da, okuwçy gyzlar we oglanlar üçin taýýarlanan tahýalar köpdürlüligi, owadanlygy, görnüşleriniň köplügi bilen ünsüňi çekýär. Bellemeli zatlaryň biri-de, etrabymyzda ýerleşýän tikin we aýakgap kärhanasynda öndürilen ekologiýa taýdan arassa lybaslar özüniň döwrebap biçüwi, ýokary hili bilen halka hödürlenilýär. Mekdep bazary hemişe köp adamly bolup, bu ýyl ilkinji gezek mekdepleriň bosagalaryndan ätlejek körpeleriň ene-atalarynyň hem gerekli okuw esbaplary alýan bagtly pursatlarynyň şaýady bolýarsyň.
Mekdep bazaryna niýetlenen giň meýdançada türkmeniň milliligini şöhlelendirýän egin-eşikler, mekdep torbalary we dürli mekdep esbaplary bahalarynyň elýeterliligi bilen tapawutlanýar. Söwda merkezine ene-atalary bilen gelen çagalaryň ýüzlerinde şatlyk duýgusyny görmek bolýar. Bu ýerdäki satyjylar bolsa alyjylar bilen mylakatly bolup, ýokary hilli hyzmat edýärler we gerekli okuw esbaplaryň ählisini bir ýerden almaga ýardam berýärler. Biz bilim işgärleri şeýle ajaýyp pursatlary görenimizde, buýsanjymyz goşalanýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, täze okuw ýylyna ykjam taýýarlykly gelmekleri üçin söwda merkezlerinde, mekdeplerde ähli mümkinçilikleriň döredilmegi mekdep okuwçylarynyň şatlygyny artdyryp, täze okuw ýylyna uly höwes bilen gelmegine ýardam berýär.