Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy ýoluna nazar aýlanyňda, onuň asylly sypatlarynyň biri — zenana bolan belent, çäksiz hormat-sarpasy aýdyň görünýär. Zenanlar maşgalanyň daýanjy, öý-ojagyň bezegi hökmünde jemgyýetde aýratyn orny eýeleýär. Olar paýhasy, sabyrlylygy we yhlasly zähmeti bilen jemgyýetimiziň ösüşine möhüm goşant goşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan zenan mertebesini hemmetaraplaýyn gorap saklaýan döwletleriň hatarynda tanalýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan işler zenanlaryň durmuş we hukuk taýdan ygtybarly goraglylygyny üpjün edýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz gender syýasaty babatda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň bu ugurdaky başlangyçlary halkara derejesinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda giň goldaw tapýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda erkekler we aýallar deň hukuklara, azatlyklara, deň mümkinçiliklere eýedir. Milli kanunçylygymyz erkekleriň we aýallaryň häkimiýet edaralaryna deňagramly gatnaşmagynyň gazanylmagy üçin hukuk gurallaryny we kepilliklerini, aýallaryň ykdysady garaşsyzlygy üçin deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegini, işiniň kämilleşdirilmegi, maşgaladaky hukuklaryň we jogapkärçilikleriň deň durmuşa geçirilmegi üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Garaşsyz Türkmenistan bu ugurda BMG we onuň edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. 1996-njy ýylda ýurdumyz Aýallar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky Konwensiýa (CEDAW), 2009-njy ýylda bolsa onuň goşmaça teswirnamasyna goşuldy. Türkmenistan şeýle-de zenanlaryň ýagdaýy boýunça IV Bütindünýä maslahatynda kabul edilen Pekin jarnamasyny we Hereketler platformasyny durmuşa geçirmekde göwrümli işleri alyp barýar.
Öz işiniň çäklerinde BMG-niň Ilat Gaznasy (UNFPA) Türkmenistana bilermenlik we tehniki goldaw arkaly gender deňliginiň ilerledilmegine, şol sanda seminarlaryň, iş mejlisleriniň guralmagyna ýardam berýär. Şeýle-de milli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen, bu ulgamdaky halkara tejribesiniň öwrenilmegini üpjün edýän tanyşdyryş saparlaryny guraýar. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topary bilen bilelikde halkara bilermenleriniň birnäçesiniň gatnaşmagynda ençeme seminarlary geçirdi.
Türkmenistanda gender çemeleşmesiniň strategiýalara we milli maksatnamalara girizilmegi bilen zenanlaryň mümkinçilikleriniň ösüşi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 2022-nji ýylda geçirilen soňky resmi umumy ilat ýazuwynyň netijelerine görä, zenanlar ýurdumyzyň ilatynyň 50-50,2 göterimini düzýär. Olaryň deňhukuklylygynyň üpjün edilmegi, jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzdaky ornunyň pugtalandyrylmagy boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy aýallara erkekler bilen deň derejedäki hukuklaryň berilmegini kepillendirýär. Şeýle hem ýurdumyzda «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket edýändigini hem-de «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» tassyklanylandygyny bellemek bolar.
Türkmenistanyň gender syýasaty dünýä bileleşigi we halkara guramalar tarapyndan ýokary ykrara eýe bolýar. Ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Aziýanyň ösüş bankynyň «CAREC» maksatnamasynyň medalyna we degişli güwänamasyna mynasyp bolmagy, döwletimiziň dürli ýyllarda BMG-niň Zenanlaryň ýagdaýy boýunça komissiýasyna hem-de «BMG — Zenanlar» düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşine agzalyga saýlanmagy munuň aýdyň mysallarydyr. Mundan başga-da, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň ornuny artdyrmak maksady bilen döredilen «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy» hem-de 2025-nji ýylda geçirilen «Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny» atly maslahat bu ugurdaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykardy.
Zenanlar jemgyýetiň abadançylygy, parahatçylygy, ilatyň bagtyýar hem asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda amal edilýän işlere yhlasly çemeleşýärler. Şu ýerde ýurdumyzyň sebitiň taryhynda ilkinji bolup Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edendigini nygtamak gerek. Bu dialog sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek işinde zenanlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan BMG-niň goldamagynda döredilen Zenanlaryň dialogy Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle görnüşdäki ilkinji düzüm bolup, sebitde gender deňligini üpjün etmekde alnyp barylýan işleriň has netijeli bolmagyna uly itergi berýär.
Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda ýurdumyzyň Zenanlaryň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde bu düzümiň Düzgünnamasy taýýarlanyldy we kabul edildi. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy hem zenanlaryň ählumumy meseleleri çözmekdäki ornuny has-da berkitdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde zenanlaryň mertebesini has-da belentde tutýan, olaryň jemgyýetdäki ornuny yzygiderli berkidýän we bu ugurda ähli zerur şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!