Bilim haýyr işleri, ýagşylyklary hem-de gözellikleri döredýär. Bilim adamlary diňe gowulyga tarap özgerdýär. Pederleriň parasadyny köňüllere nagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagy hem beýik başlangyçlaryň binýadyny pugtalandyrdy, ýaşlaryň syýasy bilimlerini baýlaşdyrdy. Bu taryhy waka gatnaşmagymyz buýsançly köňüllerimizi has-da joşdurdy. Biz ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri — hemmämiz Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk sapagyny uly üns bilen diňledik.
Turuwbaşdan Milli Liderimiziň umumy okuw sapagynyň döwrüň «akylly» megataslamasy — Arkadag şäherinde geçmeginiň örän maksadalaýyk bolandygyny aýtmalydyrys. Sebäbi bu şäher — döwrebap bilimleriň şäheri, ýaşlygyň we ýaşlaryň şäheri. Arkadag şäheri — saglygyň, sagdynlygyň, rowaçlygyň şäheri. Arkadag şäheri — bagtyýarlygyň şäheri.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we Watanymyzyň okgunly ösüşine, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary barada gürrüň berdi hem-de ýaşlaryň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitledi. Hususan-da, Bitaraplyga ýöriteleşen halkara hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigine üns çekilip, Milli Liderimiz biziň institutymyzda döredilen Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň aýratynlyklary barada aýratyn durup geçdi. Bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Milli Liderimiziň türkmen ýaşlarynyň uly hem öňdebaryjy toparyny bir döwrä jem eýläp, ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada geçen umumy okuw sapagynyň ruhy gymmatyny hiç bir baýlyk bilen ölçäp bolmaýar. Bu watançylyk sapagy täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipelere, amala aşyrylmaly beýik işlere ýene-de bir ýola türkmen ýaşlarynyň ünsüni çekmekde, olara zerur öwüt-ündewleri bermekde örän netijeli boldy. Gahryman Arkadagymyzyň: «Islendik adamyň Watana söýgüsi adaty, sagdyn duýgudyr. Ýaş adam üçin bolsa bu aýratyn many-mazmuna eýedir. Sebäbi hut şol ýyllar onda Watana bolan söýgi, ýurduna bolan buýsanç duýgusy kemala gelýär. Watana wepaly, mynasyp hyzmat etmelidigine akyl ýetirýär» diýip bellemegi watansöýüji ýaşlary terbiýelemekde aýratyn orna eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk sapagynda eden çykyşyndaky pikirdir maslahatlary, ündewleri ýurdumyzy ýakyn geljekde has-da belent sepgitlere ýetirmekde öňde durýan wezipeleriň möhüm ugurlaryny kesgitläp, öňe gitmekde biziň baş ýol-ýörelgämize, durmuş mekdebimize öwrüler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasyndaky bu taryhy waka täze taryhy eýýamyň bilim ulgamynyň binýadynyň has-da berkidilýändigini aýdyň görkezmek bilen, biz — mugallymlary, ähli ýaşlary täze üstünliklere, ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşmaga ruhlandyrdy. Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, agzybir halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Watanymyzyň röwşen geljegi ugrundaky ähli başlangyçlarynyň elmydama üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.