Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar

Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar

16 Iýul, 2026 Makalalar
30

XXII. TÜRKMENISTANYŇ MEDENI MIRASY  DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  nusgalyk kitaplaryny Türkmenistanyň medeni mirasy okuw dersinde peýdalanmagyň döwrebap usullary.

2. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karloda geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagynyň ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň usullary.

3. Haly we haly önümleriniň sergisiniň hem-de türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň maglumatlaryny Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde «Halyçylyk sungaty» atly temada peýdalanmagyň usullary.

4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, okatmagyň häzirki zaman usullaryndan peýdalanmagyň iş tejribesinden.

 5. Türkmenistanyň medeni mirasy dersi boýunça sapak ýazgylaryny, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyny bildirilýän talaplara laýyklykda taýýarlamagyň iş tejribesinden.

6. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinden okuw-görkezme esbaplaryny, didaktiki materiallary taýýarlamagyň we olary peýdalanmagyň iş tejribesinden.

7. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde emeli aň tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, okuwçylara täze maglumatlary öwretmegiň tärleri.

8. Okuwçylarda watançylyk, türkmen halkynyň taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmak duýgusyny ösdürmekde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerimiz we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulan baý gymmatlyklarymyz baradaky täze bilimleri öwretmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.

9. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde okuwçylaryň innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp bilmek başarnygyny kämilleşdirmekde we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmakda döwrebap sanly usullary we serişdeleri ulanmagyň ýollary.

10. Türkmenistanyň medeni mirasy dersi boýunça usuly birleşmäniň işini kämilleşdirmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.

11. «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine» laýyklykda, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we alyp barmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.

12. Türkmenistanyň medeni mirasy dersini okadýan mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny we hünär ussatlygyny kämilleşdirmegiň netijeli usullary.