Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Halka daýanyp, halkyň bähbidine

Halka daýanyp, halkyň bähbidine

12 Sentýabr, 2026 Makalalar
9

Geçen asyryň soňky onýyllygynyň başynda gadymy oguz topragynda berk binýatly Türkmenistan atly döwlet berkarar boldy. Konstitusiýasynda adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan eden ýurdumyz häzirki döwürde dünýewi döwlet hökmünde depginli ösýär. Şol ösüşleriň binýadynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm orny bardyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her ýylky giň gerimli mejlisi ýurdumyzda jemgyýetiň jebisligini hem-de halkymyzyň agzybirligini üpjün etmekde, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkitmekde hereketlendiriji güýje öwrülýär. Halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasy raýatlaryň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine, olaryň döwleti we jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugynyň kepili bolup çykyş edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda pederlerimizden miras galan milli demokratik ýörelgeler täzeçe ruhda dowam etdirilýär. Şonuň esasynda döwletimiziň berkararlyk binýady hem-de konstitusion gurluşy berkidilýär, jemgyýetimiz mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylýar, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň ygtybarly goragy üpjün edilýär. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler halkara giňişlikde parahatçylyk dörediji döwlet, bedew batly ösüşleriň, abadançylygyň, agzybirligiň mekany hökmünde tanalýan Diýarymyzyň nurana geljegine mizemez ynamy berkidýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giňden ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmekde, döwlet ähmiýetli meseleleri geňeşli çözmekde, jemgyýetimiziň jebisligini, agzybirligini, bitewüligini, abadançylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň parahatçylykly ýol bilen depginli ösmegini üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahaty dünýä nusgalyk döwrebap işleri alyp barýar. Onuň maksadyna, wezipelerine Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen umumy esasy aňladyp, syýasaty öwrenişiň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýip, örän jaýdar düşündiriş berýär.

Ählihalk geňeşiniň baş baýramymyzyň dabaralara beslenýän günlerinde geçirilmeginde hem çuňňur many bar. Çünki umumymilli forumda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de depginli ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar hem-de çözgütler kabul edilýär. Ýurdumyzyň garaşsyz ösüş ýyllarynda gazanan üstünlikleri, ýetilen sepgitler seljerilip, öňde durýan wezipeler kesgitlenilýär.

Biz, deputatlar hem häzirki döwürde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri bilen bilelikde ýerlerde Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň ähmiýetini wagyz-nesihat etmek boýunça degişli işleri alyp barýarys. Maslahatlarda, duşuşyklarda demokratiýanyň özboluşly milli nusgasyna öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täze taryhy eýýamda döwlet bilen halkyň jebisligini dabaralandyrýan esasy jemgyýetçilik-syýasy güýç bolup durýandygy nygtalýar.

23-nji sentýabrda baş şäherimizde geçiriljek ählihalk geňeşi beýik Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 35 ýyllyk toýuna milli jebislik ruhuny bagyşlar. Umumymilli forumyň şanyna guraljak medeni-köpçülikleýin çäreler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny has-da dabaralandyrar. Ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerinden täze zähmet ýeňişlerine ruhlanýan halkymyz ählihalk geňeşiniň röwşen geljege şamçyrag boljakdygyna, beýik işlere badalga berjekdigine berk ynanýar.

Intizar AWLÝAKULYÝEW,
Farap etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň müdiri, Mejlisiň deputaty.