Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleriniň rowaçlanýandygy, ýaş nesilleriň bilim öwrenmeklerinde giň mümkinçilikleriň döredilýändigi köňülleri buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar, döwrebap bilim ojaklary gurlup ulanmaga berilýär. Ynha, 1-nji sentýabrda bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar güni hem şanly we taryhy wakalara baý boldy. Bu taryhy wakalara şaýat bolmak, wasp etmek döredijilik işgärleri üçin uly bagtdyr.
Bilimler we talyp ýaşlar güni açylan ajaýyp binalary gözümiz bilen görmek bagty täze döredijilige ruhlandyrýar. Elbetde, türkmen gudraty bilen bina bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň özboluşly ajaýyplygy, ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilmegi bilen tapawutlanýar. Muny bu ajaýyp binalaryň özboluşly döwrebap binagärlik aýratynlygy hem subut edýär. Häzirki ajaýyp döwrümize gözellik çaýýan, ak şäherimize gözellik goşýan bu binalar barada ýakymly pikirler kalbyňa dolýar.
Ýurdumyzyň ýüregi Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagy ýaşlaryň hünär taýýarlygyny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Bu institutyň ýörite hünärleri bilen gyzyklanyp görenimizde, binagärligiň, gurluşygyň döwrebap ugurlaryna ylmy esasda çemeleşilip, ýaş hünärmenler kämil bilimleri öwrenýärler. Gurluşyk we binagärlik häzirki döwrüň we geljegiň möhüm ugry bolup durýar. Ýaşlaryň şeýle ugry özleşdirmegi durmuş tejribede uly işleri amala aşyrmaga ýardam berer. Ýene bir aýratynlygy, şu hünärler boýunça hünärmenleriň taýýarlanmagynda çuňňur many bar. Sebäbi gurluşyk we binagärlik ugry ylmy esasda ösdürilýär, bu ugur boýunça ylmy garaýyşlar kemala gelýär. Şonuň netijesinde ylym-bilime esaslanýan işler täzeçe ýola goýulýar. Iň esasy bolsa, bu ugurlaryň işleri hem ylmy esasda kämilleşdirilýär. Ine, şunuň özi hem ýaşlaryň kämil hünärmen bolmaklary baradaky aladadyr. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky baş aladalarynyň biridir. Çünki hormatly Prezidentimiz geljegimiz bolan ýaşlaryň kämil hünärli, giň dünýägaraýyşly hem-de ylymly-bilimli bolmagy barada ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Ynha, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagy hem şeýle beýik işleriň aýdyň netijesidir.
Şu ýerde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy barada maglumatlary beýan etmek gerek. Çünki bu ajaýyp bilim ojagy ýaşlar üçin giň mümkinçilik bolup, ekologik taýdan kämil we innowasion binagärligiň sebitdäki deňi-taýy bolmadyk ajaýyp nusgasydyr. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdebiniň maddy-enjamlaýyn binýady we ýokary hünär derejeli professor-mugallymlar düzümi bolup, talyp ýaşlara ýokary hilli we häzirki zaman bilimleri öwretmekde giň mümkinçiliklere eýedir. Bu maglumatlar, elbetde, bu institutyň iň döwrebap şertlerini, mümkinçiliklerini aýdyň beýan edýär. Şonuň üçin hem bu ýokary okuw mekdebinde okajak ýaşlar iň bir hünärli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişerler. Çünki döwrüň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen okuw otaglary, tejribehanalar ýaşlaryň ylym-bilime bolan höwesini, okamaga bolan ukyp-başarnyklaryny has-da artdyrar. Döwrüň kämil tehnologiýalaryndan, kompýuterlerinden baş çykaryp, döwür bilen aýakdaş gidýän ýaşlar ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşarlar.
Pähimdar ata-babalarymyz ylym-bilimi ösdürmegiň, ýaş nesli terbiýelemegiň wajypdygy hakynda birnäçe parasatly sözleri, nakyllary döredipdirler. «Akyl — ylmyň hyrydary», «Ylym — akylyň ýarysy», «Ylym akyldan dem alar», «Bir — okana, bir — dokana», «Bilimli — uçar, bilimsiz — gaçar», «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» ýaly nakyllar, parasatly sözler pederlerimiziň ylym-bilime uly hormat bilen garandygyny aňladýar. Bu dürdäne sözlere, parasatly nakyllara eýerip, häzirki ajaýyp döwrümiziň ýaşlary hem bilim almaga uly höwes bilen çemeleşýärler. Ylym-bilime bolan söýgi, öwrenmäge bolan hyjuw milli aýratynlyklarymyzyň biridir. Bu biziň ýaşlarymyzyň hem okamaga bolan höwesini, bilimli bolmak ukybyny üpjün edýär. Ynha, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplaryny göreniňde hem şeýle pikirler seriňe dolýar.
Bilimler we talyp ýaşlar güni ajaýyp täzeliklere, açylyşlara, hoş habarlara beslendi. Munuň hakykatdan hem şeýledigini ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlup ulanmaga berlen çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň mysalynda hem görmek bolýar. Bu açylyş dabaralary hem örän täsirli, dabaraly boldy. Munuň özi ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatynyň has-da ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Bularyň ählisi Bilimler we talyp ýaşlar gününiň göwün galkyndyryjy wakalaryna öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna uly ruhubelentlik bilen barýandygymyzy hem bellemek gerek. Täze açylyp ulanmaga berlen bilim ojaklary hem şanly toýlarymyza ajaýyp sowgatdyr.
Täze bilim ojaklary iň täze okuw-tehniki serişdeler, şol sanda kompýuter tehnologiýalary we multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bilim ojaklarynda dersler boýunça synp otaglary, sport zaly, kitaphana ýerleşýär. Bulardan başga-da, mugallymlaryň okuw işiniň usulyýet binýadyny has-da kämilleşdirip, yhlasly zähmet çekmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Bu bolsa häzirki wagtda okatmagy has-da kämilleşdirmäge mümkinçilikleriň döredilýändigini beýan edýär. Şeýle hem okatmagyň usulyýetiniň barha kämilleşýändigini görkezýär. Çünki şeýle döwrebap binalar, bilim ojaklary bilim işgärlerini täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Bu gün bilim işgärleri döwrebap mekdeplerde döredijilikli zähmet çekýärler. Bagtyýar ýaş nesillerimiz ýokary derejede bilim öwrenip, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalardan we ylmyň gazananlaryndan peýdalanmak babatynda uly mümkinçiliklere eýe bolýarlar. Bilim arkaly röwşen geljegi nazarlaýan ýaş nesil özleri üçin döredilýän giň şertlere buýsanýar. Ylym-bilimi ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!