Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Köňül kelamy

Köňül kelamy

31 Awgust, 2026 Makalalar
19

— Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş ­ tutanly­gynda ösüş­le­re bes­lenýän ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň aý­dyň gel­je­gi üçin döw­re­bap müm­kin­çi­lik­ler dö­redil­ýär. Bi­lim ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan uly öz­gert­me­ler, ýe­ti­len be­lent sep­git­ler bag­ty­ýar ýaş­la­ry uly üs­tün­lik­le­re, bi­lim öw­ren­mä­ge ruhlan­dyr­ýar. Mu­nuň özi hal­ky­my­zyň mad­dy we dur­muş üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak ba­ra­da edil­ýän ala­da­la­ryň, bag­ty­ýar ýaş­lar üçin dö­redil­ýän uly müm­kin­çi­lik­le­riň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Bu­la­ryň hem­me­si ýaş­la­ra oka­ma­ga, öw­ren­mäge, dö­ret­mä­ge uly güýçkuw­wat ber­ýär. «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan be­dew bat­ly atmy­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da ma­ňaÝag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň bag­ty­ýar ta­ly­by bol­mak bag­ty mi­ýes­ser et­di. Men 2024nji ýyl­da Ma­laýzi­ýa­da ge­çi­ri­len 6njy Bü­tin­dün­ýä in­no­wa­si­ýa bäs­le­şi­gi­ne gat­na­şyp, in­for­ma­ti­ka der­si bo­ýun­ça II or­na my­na­syp bol­dum. 2024nji ýyl­da rus di­li der­si bo­ýun­ça ge­çi­ri­len hal­ka­ra on­laýn olim­piada­syn­da I or­na, 2025nji ýyl­da UNI­PO ta­ra­pyndan ge­çi­ri­len hal­ka­ra bäs­le­şi­gi­ne gat­na­şyp I or­na, 2026njy ýyl­da iň­lis di­li der­si bo­ýun­ça ge­çi­ri­len hal­ka­ra on­laýn olim­pia­da­syn­da I or­na my­na­syp bol­dum. Ýaş­lyk­da eden ar­zuw­la­rym ha­syl bol­dy. Men öz saý­lap alan hü­nä­ri­miň eýe­si bol­mak üçin äh­li ba­şar­ny­gy­my gaý­gyr­ma­ryn. Ýaş­la­ra şeý­le aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri döred­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hemde Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za tüýs ýürek­den buý­san­jy­my­zy be­ýan ed­ýä­ris. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Raşit Hezretow

Ýagşygeldi kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby