Döwlet ATAÝEW,
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher häkimliginiň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň direktory:
— “Ýaşyl başarnyklar” durnukly jemgyýeti we ykdysadyýeti kemala getirmek üçin zerur bolan bilimler, başarnyklar, gymmatlyklar we garaýyşlardyr. Hünär-tehniki bilim ulgamynda bu başarnyklar energiýa netijeliligi we gaýtadan dikeldilýän energiýa; tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak; ekologik baha bermek we gözegçilik ugurlaryny öz içine alýar.
Türkmenistanyň durnukly ösüş baradaky milli maksatnamalaryna hem-de döwlet borçnamalarymyza laýyklykda, Aziýanyň ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde «Ýaşyl başarnyklar» boýunça giň möçberli strategik taslama taýýarlandy. Taslamany ýokary derejede taýýarlamak, ornaşdyrmak we monitoring işlerini alyp barmak üçin Aziýanyň ösüş bankynyň halkara hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň, hünär-tehniki, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenlerinden ybarat bolan meýilleşdiriş hem-de utgaşdyryş topary döredildi. Bu bilelikdäki toparyň işi bilimiň hilini halkara standartlara laýyk getirmäge we maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Bu taslama hünär-tehniki okuw maksatnamalaryny we usuly gollanmalary taýýarlamaga goldaw berýär. Şu maksat bilen, ösen halkara ölçeglere laýyklykda, hünär-tehniki bilimi edaralaryň energetika, gurluşyk we oba hojalygy ugurlarynyň okuw meýilnamalaryna “Ýaşyl başarnyklar we serişdeleri tygşytlamak” moduly girizildi. Onuň çäklerinde talyplarymyza gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, Gün panelleriniň hem-de ýel generatorlarynyň netijeliligi öwrediler. Türkmenistanyň yssy howa şertlerinde binalaryň ýylylyk deňagramlylygyny saklamak we suw serişdelerini aýawly ulanmak maksady bilen giňişleýin Gurluşyk moduly girizilýär. Bu ugurda binalaryň fasadlarynda mermeriň şöhle serpikdiriji aýratynlyklaryny ulanmak, wentilýasiýaly fasadlar, “akylly” penjireler we gadymy sowadyş usullarynyň döwrebap inženerlik çözgütleri öwrediler. Şeýle-de “akylly” suwaryş ulgamlary, akaba suwlaryny gaýtadan arassalap ulanmak we “Arkadag — akylly şäher” taslamasynda ulanylan ekologiýa dizaýn ýörelgeleri ornaşdyrylar. Oba hojalygy ulgamynda takyk we tygşytly oba hojalygy häzirki zaman oba hojalygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ol maglumat tehnologiýalaryny, GPS-i, datçikleri, dronlary we beýleki sanly enjamlary ulanmak bilen, ekin meýdanlarynda suw, dökün we beýleki serişdeleri takyk (zerur ýerde we zerur mukdarda) ulanmagy, şeýle hem olary tygşytly (az sarp edip, ýokary netije almak) peýdalanmagy göz öňünde tutýar.
Arassaçylyk, serişdeleri tygşytlamak we tebigaty söýmek endigi çagalar bagyndan başlanmalydyr. Şu ýerde ýurdumyzyň milli hünär bilim ulgamynda hünär-tehniki mekdeplerimizde “Terbiýeçiniň kömekçisi” hünärine bu dersiň girizilmegini aýratyn belläp geçesimiz gelýär. Bu ädim üçin 40 sagatlyk ýöriteleşdirilen okuw meýilnamasy hem-de okuw-usuly binýat doly taýýarlanyldy. Bu hünär boýunça körpelere suwy, elektrik energiýasyny tygşytlamagy, teleradio we oýunjak enjamlaryny aýawly ulanmagy oýun ýa-da erteki görnüşinde öwretmegiň usulyýeti işlenip taýýarlanyldy.