Maksat-menzillerini milli hünäre ugrukdyrýanlaram, orta okuw hünär mekdeplerine gönükdirýänlerem, ýokary bilime teşnelerem az däl. Pederlerimiz aýtmyşlaýyn, «Hünäriň hordasy ýok». Ýöne gürrüň ony saýlap bilmekde. Orta mekdeplerde hünär taýýarlygynyň binýady goýlan ýaşlar kesp-kär saýlamakda kösenmeýärler. Hünär atly altyn hazynadan ýetdik paýlaryny almak üçin ynamly gadam goýýarlar.
Ata-babalarymyz: «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» diýipdirler. Kähalatlarda ýaşajyk mekdep okuwçysy bilen gürrüňdeşlikde biz onuň dürli hünärlerde işlemegi arzuw edýändigine düşünýäris. Oňa: «Sen geljekde kim bolmakçy? Nähili hünäri ele almakçy?» diýenimizde, birnäçe hünäriň ady tutulýar. Şeýle ýagdaýlarda onuň haýsy tarapdan ukyp-başarnygynyň aýratyn ösendigine üns bermek zerurlygy ýüze çykýar. Ol geljekde saýlanjak hünäriň döwrebaplygyna, ýurdumyz üçin getirjek peýdasyna çuňňur düşünen halatynda, dessine belli bir hünäri saýlap bilerdi. Käbir çaga ýaşlygyndan başlap, ata-enäniň we mugallymynyň ýardamy bilen ömürlik diregi boljak hünärini ele almaga taýýarlyk görüp ugraýar.
Hünär saýlanýan döwür — ýaşlar üçin iň gyzykly hem-de ömür tarapyndan bölünip berlen belli bir döwür. Elbetde, hünärli bolmak üçin ymtylmak, belli bir kär edinmek hiç mahal giç däl. Ýöne orta mekdebi tamamlanyňdan soň, entek maşgala aladasy başyňa düşmänkä, belli bir hünär edinmek iň amatly döwür hasaplanýar.
Hünär-kär saýlamaklyk adam ömrüniň jogapkärli, ykbal öwrülişikli meselesi bolup, ol her bir ynsanyň geljek bagtyýarlygyny gazanmagynyň berk esaslaryny düzýär. Ýaşlaryň öz ukyp-başarnygyna, zehin-üşügine dogry akyl ýetirip, köňül yşky göteren hünärini saýlap almagy durmuşyň berk talaby, ýaşaýyş kanunalaýyklygydyr. Adam ömrüniň manysy, rahatlygy we abatlygy hünäre baglydyr. Çünki ýürek yşkyňy berip, söýüp saýlan hünäriň ussady, mynasyp eýesi bolmaklyk ynsan üçin iň uly abraý-mertebe, bagtdyr. Ýyllaryň dowamynda akyl we beden taýdan taplanan çagalar, ýetginjeklik ýaşyna gelende ömür ykballary üçin şugla saçjak hünär, kär saýlamaklyga doly taýýarlyk gazanypdyr. Durmuş tejribesi ýetik dana pederlerimiz duýgur kalby, syzgyr ýüregi, synçy nazary bilen perzentleriniň hünär babatyndaky ukyp-başarnygyna takyk baha kesmegi başarypdyrlar, olary bu babatynda dogry ýola gönükdiripdirler. Olar durmuşy, ýaşaýşy gurnamaklygyň kämil, ygtybarly ýörelgelerini saýlap alyp, ömür gymmatlygynyň beýik manysyny şahsyýetiň kämilliginden, onuň akyl we beden sazlaşygynyň jeminden agtarypdyrlar, ýaş nesilleriň her biriniň hünärli bolmagyna aýratyn ähmiýet beripdirler. Türkmenleriň arasynda söýlüp okalýan, uly meşhurlyga eýe bolan Keý Kowsuň «Kowusnama» eserinde hünär öwrenmek babatda şeýle öwüt berlipdir: «Eger akylyň bolsa hünär öwren, çünki hünärsiz akyl lybassyz ten, hut görksüz-görmeksiz betnyşan adamdyr».
Hünärleri ele almakda halkymyzyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda özleşdirip, durmuş kadasyna öwren ýol-ýörelgeleriniň biri hem hünäriň halypadan şägirde geçirilmegidir. Bu babatda halkymyzyň il içinde mertebelenen halypadyr ussadynda hiç haçan akyl husytlygy, pikir gysgançlygy bolmandyr. Halypa hünärinde ýokary ussatlyga ýetişen, halk tarapyndan ykrar edilen mertebeli ynsandyr. Öz ömrüni halal zähmeti, kämil hünäri bilen il-gününe bagyş edip, ençeme şägirtleri ýetişdiren halypalar öz atlaryny taryhyň gatlaryna ýazypdyrlar. Şägirt halypalaryň hünär babatyndaky kämil sapaklaryny aňyna, ýüregine siňdirip, hünärini ykbalyna öwrüpdir, olaryň mertebesini öz ata-ene mertebesiniň barabarlygynda hatyralap, köňül söýgüsi bilen sarpalapdyr. Bu asylly işde halypa bilen şägirdi bir beýik maksat — öz hünäriň bilen halkyňa, Watanyňa hyzmat etmek duýgusy birleşdiripdir. Öwrenenleriňi özleşdirmek halypanyň berk talaby bolupdyr. «Şägirt halypasyndan ozdurmasa kär ýiter» diýen pähime eýeren halypalar haýyr işi jäht tutup, şägirdiň özünden has öňe geçmegini, kämil derejelere göterilmegini gazanypdyrlar. Türkmen düşünjesinde halypa gol berip, kämillige ymtylmagyň möhüm şerti, şägirdiň rehimdarlyk, kiçigöwünlilik, il bähbidi bilen ýaşamak, pespällik, ruhubelentlik ýaly ynsan häsiýetlerini özünde jemlemegidir.
Öz bagtyny hünärinde, zähmetinde gören halkymyz hünäriň ynsan ömründäki gymmaty hakynda ençeme ajaýyp nakyllary döredipdirler: «Hünär eýesini eziz eder», «Hünäri öwren-de, ýigren», «Hünärli — zor, hünärsiz — hor», «Hünärli ýigit — miweli agaç», «Hünärli är hor bolmaz, dost-duşmana zar bolmaz».
Hünär — her bir ynsanyň egsilmeýän hazynasy. Haýsy hem bolsa bir düýpli hünäre eýe bolan adam rysgal-berekediň çeşmesine ýetýär. Hünär — bagtly ýaşaýşyň, gowy durmuşyň kepili. Hünärli adam hiç mahal hor bolmaýar. Ol özüniň zähmeti bilen daş-töweregine ýakym-ýaraşyk peşgeş berip, ömürlere nur paýlaýar.