Ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyrylyp, şunda ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, şanly senelere bagyşlanyp guralýan dabaralaryň guramaçylyk derejesine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, 29-njy awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli halkara atçylyk we atly sport ugurlary boýunça guraljak medeni çäreleri hem-de dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça maslahat boldy.
Maslahata gatnaşyjylar ilki Mukamlar köşgüniň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Şanly senäniň we iri halkara çäreleriň hormatyna guralan sergide häzirki döwürde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň tapgyrlary, dünýä gymmatlyklarynyň hatarynda möhüm orny eýeleýän ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklary öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler, şol sanda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk sport toplumynda meýilleşdirilen halkara çäreleriň guramaçylygy bilen baglanyşykly meseleler maslahatyň gün tertibiniň özenini düzdi. Şoňa görä-de, çykyşlarda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamagyň, şu mynasybetli giň möçberli milli we halkara çäreleri guramagyň asylly däbe öwrülendigi nygtaldy.
Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri baýramçylyk çäreleriniň täsirli pursatlara baý bolmagy ugrunda ähli zerur tagallalary edýärler. Hut şu jähetden, çärä gatnaşan medeniýet, döredijilik işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň: «Iň beýik söýgi Watana bolan söýgüdir. Watana bolan söýgi bolsa biziň her birimiziň ene-atamyza, maşgala ojagymyza, saýlap alan hünärimize bolan söýgimizden, kämillige bolan hyjuwymyzdan gözbaş alýandyr» diýen sözlerinden ruhlanyp, kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek, dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksady bilen, halkara bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Toparyň agzalarynyň bilelikdäki sazlaşykly hereketleri esasynda kesgitlenen wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli göz öňünde tutulýan çärelerde milli gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän toý dessurlaryny ýaýbaňlandyrmagyň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy. Çykyşlarda atçylyk toplumynda geçiriljek medeni çäreleri, şol sanda türkmen milli toý dessurlary bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmegiň, olary giňden wagyz etmegiň, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mynasyp beýan etmegiň medeniýet toplumynyň işgärleriniň paýyna düşýändigi bellenilip, Gahryman Arkadagymyzyň maslahatlaryny we hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini, berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirip, bildirilen ynamy ödemekde olara uly üstünlikler arzuw edildi.
Umuman, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli halkara atçylyk we atly sport ugurlary boýunça guraljak medeni çäreleri hem-de dabaralary ýokary derejede geçirmek boýunça maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan çäreleriň guramaçylygyna döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändiginiň güwäsidir.