Hormatly Prezidentimiz 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, 2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekdi. Bu hoş habar hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň okuwa girmäge isleg bildirýän ähli ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etmegi ýurdumyzyň bilim ojaklarynda hünär öwrenmegi maksat edinýän dalaşgärleriň, olaryň ata-eneleriniň, mugallymlarynyň kalbyny joşdurdy. Täze okuw ýylynda açylýan täze hünärlerdir taýýarlygyň ugurlary talyp bolmak arzuwyny kalbynda besleýän ýaşlaryň yhlasynyň ýerine düşmegine, täzeçil ösüş ýolundan öňe gitmeklerine giň mümkinçilikleri döredýär. Şular dogrusynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary we orta hünär bilimi bölüminiň başlygynyň orunbasary Baýram SARYÝEW bilen söhbetdeşligi okyjylara ýetirýäris.
— Baýram Annaýewiç, söhbedimize şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin Hökümet mejlisinde hünärmenleriň taýýarlygy babatda öňde goýlan wezipelerden başlaýsak!
— Hormatly Prezidentimiz Hökümet mejlisinde ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegiň, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Bu topara 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.
Şeýle-de giňişleýin Hökümet mejlisinde 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.
— Täze okuw ýylynyň täzeçillikleri, aýratynlyklary hakynda gürrüň beräýseňiz!
— «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýokary hünär bilimi edaralarynyň halkara reýtingine goşulmagy üçin guramaçylyk işlerini alyp barmak barada bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýurdumyzyň barha ösýän ykdysady kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň zerurlygyny nazara alyp, 2026-2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar.
Geçen ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilenler 17 müňe golaýlan bolsa, şu ýylda bu görkeziji 18 müňden geçer, ýagny 1239 dalaşgär köp kabul ediler.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde test görnüşinde geçiriler.
— Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze açyljak hünärlerdir taýýarlygyň ugurlary bilen tanyşdyraýyň!
— Hünärmen maksatnamasy boýunça jemi 10 hünär: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary; metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak (nebitgaz pudagynda), S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy; IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda pedagogika bilimi (arap dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty); maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; ekologiýa; psihologiýa; ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa, psihologiýa), Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy hünärleri täze açylýar.
Bakalawr maksatnamasy boýunça 4 taýýarlygyň ugry: Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda pedagogika bilimi (bedenterbiýe), Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde emeli aň we ekspert ulgamlary; mehatronika we robot tehnikasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda pedagogika bilimi (urdu dili, türkmen dili we edebiýaty) taýýarlygyň ugurlaryna ilkinji dalaşgärler okuwa kabul ediler.
Magistr maksatnamasy boýunça 6 taýýarlygyň ugry: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat howpsuzlygy (nebitgaz pudagynda); nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ösümlikleri goramak we biotehnologiýa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda parahatçylyk we bitaraplyk taýýarlygyň ugurlary açylýar.
Täze hünärlerdir taýýarlygyň ugurlary açylanda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň sanly ösüş, emeli aňy düýpli we netijeli öwrenmek barada beren tabşyryklaryndan, IT, blokçeýn-tehnologiýalar, emeli aň ulgamynda okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamak, ýaşlary, hünärmenleri bu ugurda başarnyklaryny ösdürmäge höweslendirmek barada beren maslahatlaryndan ugur alyndy. Täze okuw ýylyndan «Geljegiň hünärleriniň atlasyna» girizilen hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamaga-da girişilýär.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy düzülende oba hojalyk pudagyny zerur bolan hünärmenler bilen üpjün etmek, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde, sebit ýurtlarynyň dillerini bilýän hünärmenleri taýýarlamak, umumybilim edaralarynyň mugallymçylyk hünärmenlerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebap başarnykly ykdysatçy hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça möhüm wezipeler göz öňünde tutulyp, täzeçillikler girizildi. Olaryň hatarynda parahatçylyk we bitaraplyk taýýarlygyň ugrunyň açylmagy syýasy-diplomatik taýdan uly ähmiýetli parahatçylyk hem-de bitaraplyk ugurlary boýunça ylym-bilimi ösdürmek, halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak maksadyndan gözbaş alýar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde täze hünärleriň açylmagy hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem milli standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirýän syýasatyna laýyklykda, bu pudaklaryň ösüşleri bilen bagly täze hünärmenlere döreýän islegler bilen baglanyşyklydyr.
— Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerinde haýsy hünärler açylýar?
— S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde kärhana enjamlaryny abatlamak we tehniki hyzmat etmek (senagat pudagynda); Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde emeli aň we maglumatlary seljermek hünärleri täze açylar.
Döwrebap hünär bilimi geljekki hünärmenleriň kämillik ýoludyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda talyp bolmagy ýüregine düwen ähli ýaşlara uly üstünlikler ýar bolsun!
Söhbet edişimiz ýaly, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär bilimi ulgamyna demografik görkezijilere, zähmet bazarynyň ösüşine, iş berijileriň isleglerine, ykdysadyýetiň meýilnamalaşdyrylyşyna görä meýilleşdirmegiň we dolandyrmagyň kämil gurallary ornaşdyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim edaralarynyň abraýy has-da ýokarlanyp, ýokary hünär bilimi ulgamynyň halkara derejede bäsdeşlige ukyplylygy üpjün edilýär. Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ulgamlaýyn ösüşini we dolandyrylyşyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeleriň başynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işlerinde geljekde hem uly rowaçlyklar arzuw edýäris.
— Söhbetdeşlik üçin sag boluň, milli hünär bilimindäki täze başlangyçlar, öňde duran möhüm wezipeler boýunça alyp barjak işleriňiz rowaç bolsun!
— Sag boluň!