Szi ŞUMIN,
HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi:
— Şu ýylyň başyndan bäri hytaý-türkmen hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda depginli ösüp, öz ajaýyp miwelerini berýär. Mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda saparda bolup, Başlyk Si Szinpin bilen netijeli gepleşikleri geçirdi. Şol duşuşykda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk boýunça möhüm ylalaşyklar gazanylyp, özara gatnaşyklary ilerletmegiň geljekki tapgyry üçin meýilnamalar kesgitlenildi. Aprel aýynda bolsa Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan türkmen topragyna sapary amala aşyryp, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryndaky işlere badalga bermek dabarasyna, Hyzmatdaşlyk boýunça komitetiň ýedinji mejlisine, Türkmenistandaky «Lu Ban ussahanasynyň» açylyşyna gatnaşdy.
Iki ýurduň ýolbaşçylary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berýärler. Şunda Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň ýaşlarynyň köpüsine bu sebitiň bilim ojaklarynda talyp haky esasynda okamak mümkinçiligini hödürlemek bilen, bilim ulgamyndaky özara hereketleriň ösüşine görnetin goşant goşýandygyny bellemek gerek. Ýakynda Urumçi şäherinde senagat, uniwersitetler we ylmy barlaglar babatda hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky maslahat üstünlikli geçirildi. Onuň jemleri esasynda bilim ulgamynda alyşmalar hem-de hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň garamagynda Energetika bilimi babatda alýansy döretmek hakynda ylalaşyga gol çekildi we bu alýans resmi ýagdaýda açyldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde guralan çäräniň hem iki ýurduň bilim ugurly gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynanýarys.
Hytaý hem, Türkmenistan hem baý taryhy, gaýtalanmajak medeniýeti bolan ýurtlar. Şoňa görä, birek-biregiň dilini, medeniýetini öwrenmäge gyzyklanmalar barha artýar. Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň 10 müňden gowragy Hytaýyň bilim ojaklarynda okaýar. Türkmen topragynda bilim almaga isleg bildirýän hytaýly ýaşlaryň sany-da yzygiderli ýokarlanmak bilen. Çünki hytaý we türkmen halklarynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary, gerimi giňeýän özara hyzmatdaşlyk birek-biregiň diline, medeniýetine gowy düşünýän mirasdüşerlerdir bilermenleri has köp talap edýär.