Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik Partiýasynyň Komitetiniň Sekretarynyň orunbasary, bu raýonyň Halk Hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda boldy. Saparyň maksady Türkmenistan bilen HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň arasynda oba hojalygy, söwda-ykdysady, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat. Saparyň ilkinji güni myhmanlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda bolup, tehnopark baradaky maglumatlar, onuň düzümi hem-de bölümlerde ornaşdyrylan innowasion häsiýetli tehnologik gurluşlar bilen tanyşdylar. 25-nji awgustda bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde maslahat geçirilip, onda bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň işi bilen tanyşdyryldy. Maslahata Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik Partiýasynyň Sekretarynyň orunbasary, bu raýonyň Halk Hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň agzalary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdy.
Dabarada Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň bilim dolandyryş partiýa komitetiniň sekretary, Sinszýan lukmançylyk uniwersitetiniň, Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň prorektorlary çykyş edip, merkeziň işi barada gürrüň berdiler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň prorektorlary söz sözläp, bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň işiniň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga goşant goşjakdygyna ynandyrdylar.
Çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwer syýasatynyň dünýäde giňden dabaralanýandygy, bu ynsanperwer ýörelgäniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigi, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň täze taryhy döwürde hil taýdan täze derejä çykýandygy bellenildi.
Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim babatdaky hyzmatdaşlyk hem giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Bu babatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan uniwersitetiniň, Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda baglaşylan Ähtnamalara laýyklykda, ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygy, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda talyplar üçin okuw sapaklarynyň guralýandygy çykyşlarda öz beýanyny tapdy.
Iki ýurduň bilim ojaklarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda täze derejä çykýar. Muňa mysal hökmünde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Halkara dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň we Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, hytaý dilini okatmak çygryndaky hyzmatdaşlyk hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekilendigini görkezmek bolar.
Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik Partiýasynyň Sekretarynyň orunbasary, bu raýonyň Halk Hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna hytaý dilindäki okuw kitaplaryny sowgat berdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dostluky gatnaşyklary giňeltmäge döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
* * *
26-njy awgustda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumy geçirildi. Oňa hytaýly myhmanlar, türkmen tarapyndan bolsa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmen ulag-logistika merkeziniň wekilleri gatnaşdy. Foruma gatnaşyjylar, şol sanda telekeçiler, işewür düzümleriň wekilleri öz degişli ugurlary boýunça ozal ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek, bar bolan mümkinçilikleriň esasynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça täze ugurlarda gatnaşyklary ýola goýmak babatda anyk teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.