Ýaşamak üçin eşretlere baý, işlemek üçin bolsa giň mümkinçilikler döredilen bu ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mugallymlar jemgyýetimiziň iň hormatlanýan ynsanlarydyr. Watanymyzyň geljegini kepillendirýän bilimli, terbiýeli, watansöýüji ýaş nesilleri terbiýelemek bolsa iň mukaddes kär. Bu mukaddes käriň hakyky eýesi bolmak, ýagny bilim bermek bilen bir hatarda, mynasyp nesilleri terbiýelemek, her bir okuwçynyň kalbynda Watanyna, halkyna, ata-enesine bolan çäksiz hormaty kemala getirmek mugallym üçin uly bagtdyr.
Mugallym we mugallymçylyk käri barada geçmişde birnäçe alymlar öz dana pikirlerini galdyrypdyrlar.
Meşhur pedagog Rudolf Ştaýner Gýote mugallymçylyk käri barada şeýle diýýär: «Okatmak tejribämiň kömegi bilen men adamyň ruhunyň we bedeniniň arasyndaky baglanyşyga düşündim. Terbiýe hem-de okatmak adama düýpli düşünmäge esaslanýan sungat bolmalydyr». Diýmek, mugallym çaga sowat öwretmek we ony terbiýelemek bilen bir hatarda, adama düşünmegiň hem inçe syrlaryny ele alýar. Mugallym okuwça öwredýär, öwredýän zatlarynyň üsti bilen oňa terbiýe berýär. Öwredýärkä mugallym okuwçynyň düşünjesini, ýatkeşligini, ukybyny, höwesini, häsiýetini, içki dünýäsini, pikirlenişini, garaýşyny öwrenýär. Okuwçynyň kalbyna düşünmegi başarýar. Biri-birine düýpgöter meňzemeýän okuwçy häsiýetleriniň her biriniň aýratynlyklaryny öwrenýär. Olara düşünmegi, olar bilen işlemegi başarýar. Her bir okuwçynyň häsiýetine, ukybyna görä iş salyşmak tärini ele alýar.
Ýyllara sepleşýän iş tejribe okatmagyň we terbiýelemegiň, adama düşünmegiň sungatydygyny subut edýär. Muňa pedagogika ylmynyň taryhy hakyndaky çeşmeler hem şaýatlyk edýär.
«Mugallymlar gazeti» gazetiniň 2011-nji ýylyň 16-njy dekabryndaky sanynyň «Pedagogika — gadymy hem müdimi ylym» sahypasynda berlen maglumatlar, makalalar ünsümi çekdi we şu makalany ýazmagyma sebäp boldy. «Alymlara uýsaň» atly mugallymlar we terbiýeçiler hakyndaky dana sözler has hem özüne çekiji. Mugallymyň kalbyna ornaýjak pikirler.
Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly kitabynda şeýle bellenilýär: «Mugallymyň sözlerinde-de, özüni alyp barşynda-da sap ýüreklilik bolmalydyr, galplyga, ýasamalyga orun bolmaly däldir. Çagalaryň gözüniň alnynda birje gezek galp aýdan adam olaryň öňünde hemişe ýalançy adam bolup galar». Şeýle çuňňur manyly dana sözler mugallymçylyk käriniň ýörelgesidir.
Pedagogikany öwrenmek we onuň gazananlaryny pedagog hökmünde iş tejribäňde durmuşa ornaşdyrmak, kalbyňda adama düşünmek höwesini duýmak, hyýalyňda pedagogik garaýyşlary götermek, aňyňda pedagogik pikirleri aýlamak mugallyma ruhy lezzet berýär. Şeýle bolanda, mugallym hemişe okadýan okuwçylary bilen ýaşaýar.
Mugallymçylyk juda özüne çekiji kär, okatmak we terbiýelemek juda özüne çekiji sungat. Okuwçysy köp bolsun, az bolsun parhy ýok, mugallym her bir okuwçyny içgin tanaýar. Onuň häsiýetini, şahsy aýratynlyklaryny, töweregine täsirini, göreldesini, içki dünýäsini bilýär. Okuwçydaky ähli häsiýetleri, endikleri mugallym olara öwredýärkä öwrenýär. Mugallym bilim we terbiýe berýärkä, öwrenmek üçin ömrüni sarp etmeli, agtaryp kitap gatlaryny okamaly, sungaty, ýagny adama düşünmegiň sungatyny ele almaly. Ine, şonda adamynyň dünýägaraýşyna düşünýär, okuwçyny milli ruhda terbiýeleýär. Çünki pedagogik nukdaýnazardan terbiýe we okatmak adama düşünmegiň sungatydyr.