Häzirki zaman dünýäsinde ylym we bilim has giň manyny öz içine alyp, döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň hem derwaýys guralyna öwrülýär. Bu günki gün ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlykda ýumşak diplomatiýanyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmakda, akademiki alyşmalary işjeňleşdirmekde, strategik hyzmatdaşlygy ilerletmekde bilim ulgamy aýgytlaýjy orna çykýar. Bu hakykata Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy mirasy bilen baglanyşýan Türkmenistan bilen Hytaýyň özara gatnaşyklarynyň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik partiýasynyň komitetiniň sekretarynyň orunbasary, raýonyň Halk hökümetiniň başlygy Erkin Tuniýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza amala aşyran sapary iki dostlukly döwletiň bu ugurda anyk ädimleri ätmäge taýýardyklaryny ýene bir ýola subut etdi. Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen maslahat bolsa bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň işini tanyşdyrmaga bagyşlandy.
Erkin TUNIÝAZ,
Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Kommunistik partiýasynyň komitetiniň sekretarynyň orunbasary, raýonyň Halk hökümetiniň başlygy:
— Geçen ýylyň iýunynda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň dowamynda alty ýurduň döwlet Baştutanlary «Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlyk ruhuny» ilerletmek, garyplygy azaltmakda, bilim ulgamynda, çölleşmä garşy göreşmekde tejribe alyşmak boýunça üç sany merkezi, şeýle-de söwda gatnaşyklary üçin platformany döretmek hakynda biragyzdan çözgüt kabul etdiler. Alty ýurduň ýolbaşçylary bilelikde bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň açylyşyna hem gatnaşdylar. 2025-nji ýylyň 21-nji iýulynda bu merkez Sinszýanda resmi taýdan işläp başlady. Häzirki gatnaşýan çärämiz bolsa «Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlyk ruhuny», döwlet Baştutanlarymyz tarapyndan gazanylan ylalaşyklary bilelikde durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimdir.
Mälim bolşy ýaly, hytaý nusgasynda döwrebaplaşdyrmak arkaly güýçli milleti kemala getirmek işini höweslendirmekde Sinszýan-Uýgur awtonom raýonyna aýratyn orun degişli. Başlyk Si Szinpin Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň 18-nji ýygnagynda bu sebiti ösdürmek meselesine uly üns berip, partiýanyň täze taryhy döwürde Sinszýany dolandyrmak boýunça strategiýasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy we sebit üçin strategik ugurlaryň 5-sini kesgitledi. Şeýle hem ol geçen ýyl giň düzümdäki wekiliýet agzalary bilen bilelikde awtonom raýonymyzyň döredilmeginiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp guralan çärelere gatnaşyp, hut bilimiň adamzada ösen siwilizasiýany miras goýýan gymmatlykdygyny nygtady. Hakykatdan-da, bilim — ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemegiň hem-de has gowy geljegi gurmagyň esas goýujy ýoly. Şu nukdaýnazardan, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynda-da bilimi, ylmy, tehnikany ösdürmäge, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, başlangyç bilimi berkitmäge uly ähmiýet berilýär. Sebitde mekdebe çenli bilim bilen üpjün etmegiň umumy paýy 104,1, inklýuziw çagalar baglary bilen üpjün etmegiň paýy 93,8, dokuz ýyllyk bilim bilen gurşap almagyň paýy 99, orta bilim bilen gurşap almagyň paýy 98,3 göterime deň. Ýaşlara hünär bilimini bermekde bolsa sebitimiziň özboluşly aýratynlyklaryndan we artykmaçlyklaryndan ugur alynýar.
Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň tagallalary esasynda Sinszýan-Uýgur awtonom raýony bilen Türkmenistanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem barha ilerleýär. Senagat, uniwersitetler we barlaglar boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda guralýan maslahatlara, Sinszýanda şu formatda geçirilen bilim ministrleriniň birinji maslahatyna türkmen tarapynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Şu ýylyň iýunynda Türkmenistanyň üç ýokary okuw mekdebi bilen Sinszýan mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda hytaý dilini okatmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Soňky ýyllarda sebitimiz türkmen ýaşlarynyň 100-si üçin talyp haky esasynda okamak mümkinçiligini döredip gelýär. Häzirki wagtda Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynda türkmenistanly talyplaryň 413-si bilim alyp, munuň özi Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasynda iň ýokary görkezijidir. Bu, elbetde, özara gatnaşyklaryň ýokary derejesinden habar berýär. Zerurlyga görä, bu ugurda berilýän goldawy has-da güýçlendirip bileris. Biz iki ýurduň bilim ojaklaryna goldaw bermekde, hünärmenleri taýýarlamakda, ylmy barlaglary alyp barmakda meýdança hökmünde bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga taýýardyrys.