Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Dünýä ýol açýan gymmatlyk

Dünýä ýol açýan gymmatlyk

12 Sentýabr, 2026 Makalalar
9

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär.

Ösüşleriň nusgalyk ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda milli tejribelerimize eýerip, şeýle-de dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmek meselesine-de aýratyn üns berilýär. Çünki dile diňe bir medeniýetara aragatnaşygyň serişdesi hökmünde däl, eýsem, ylmy-tehniki ösüşiň, hünär ussatlygynyň, işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň, Garaşsyz Watanymyzyň halkara mümkinçiliklerini giňeltmegiň hem möhüm şerti hökmünde garalýar. Gahryman Arkadagymyz 2-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagynda bu ugurda gymmatly pikir-garaýyşlaryny paýlaşdy.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üç tapgyrda amala aşyryldy hem-de orta mekdeplerden we ýöriteleşdirilen bilim edaralaryndan başlap, ýokary bilim hem-de hünärmenleri gaýtadan taýýarlamak ulgamlaryna çenli bilim bermegiň ähli basgançaklarynda berk dowamlylygy üpjün edýän, bitewi, ylmy taýdan esaslandyrylan, logiki taýdan gurlan dil bilim ulgamynyň döredilmegine getirdi. Täzelenen okuw kitaplarydyr gollanmalar taýýarlanylyp, neşir edildi, türkmen dilinde we Birleşen Milletler Guramasynyň esasy dillerinde elektron sözlükler, maglumat kitapçalary, mobil programmalar işlenip düzüldi.

Dil halklary ýakynlaşdyrýan, dost-doganlygy berkidýän, dürli halklaryň medeni mirasyny öwrenmäge mümkinçilik berýän gymmatlykdyr. Milli Liderimiz ýaşlaryň öňünde geçen watançylyk sapagynda Mahmyt Kaşgarly, Mahmyt Zamahşary ýaly beýik dilçi alymlaryň öz dil baýlyklary arkaly halklaryň arasynda ylmyň, edebiýatyň, medeniýetiň arabaglanyşygyny üpjün edendiklerine, şoňa görä, ýaş nesilleriň pederlerimiziň bu asylly ýoluny dowam etdirmeginiň wajyp wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi. Döwlet dilimiz bolan türkmen dili halkymyzyň milli özboluşlylygyny, taryhyny, ruhy baýlygyny özünde jemleýär. Şol bir wagtyň özünde daşary ýurt dillerini öwrenmek hem ýaşlaryň bilim mümkinçiliklerini giňeldýär. Pederlerimiziň «Dil bilen — dana, dil bilmeýän — diwana», «Dil — akylyň açary», «Dil bilen dünýäni gezer» diýen halk pähimleri-de dil bilmegiň ähmiýetini aýdyň beýan edýär.

Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini bilmek diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, ylym-bilim, täze tehnologiýalar, halkara hyzmatdaşlyk üçin hem zerur şertdir. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz hemişe türkmen ýaşlarynyň döwrüň ylmy-tehniki ösüşlerinden baş çykarmalydygyny, innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydygyny, täze tehnologiýalary özleşdirmelidigini nygtaýarlar. Daşary ýurt dillerini bilmek bolsa dünýäniň bilim we maglumat giňişligine çykmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini içgin öwrenmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagy, mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, okuwçylaryň arasynda dil bäsleşikleriniň, olimpiadalaryň geçirilmegi bu ugurdaky işleriň möhüm bölegidir. Şeýle çäreler, şol sanda Milli Liderimiziň gymmatly öwüt-nesihatlary ýaşlaryň dil öwrenmäge höwesini artdyryp, olaryň bilimini, döredijilik ukyplaryny ösdürmäge hem ýardam edýär.

Aýsoltan GURBANBAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.