Ýurdumyzy ösdürjek möhüm çözgütleriň kabul edilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi raýat jemgyýetiniň ösdürilýändigine, syýasy, ykdysady we demokratik özgertmeleriň çuňlaşdyrylýandygyna, ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan gelýän asylly ýörelgelerine döwlet derejesinde çäksiz hormat goýulýandygyna şaýatlyk edýär.
Şöhratly taryhymyzyň sahypalaryna nazar aýlanyňda, merdana ata-babalarymyzyň hemişe möhüm işleriň başyny maslahat bilen tutandygynyň şaýady bolýarsyň. Tutumy uludan tutulan şol maslahatlarda il-ýurduň ykbalyny çözýän derwaýys meselelere seredilipdir, halkyň, ýurduň durmuşyna degişli düýpli çözgütler kabul edilipdir. Has dogrusy, halk bilen edilen maslahat geçmiş taryhymyzyň şaýatlyk edişi ýaly, jemgyýeti dolandyrmagyň, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli ýüze çykýan derwaýys meseleleri çözmegiň has ähmiýetli guralyna öwrülipdir. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp, bir kes» diýen halk pähimlerine eýerilip, bu asylly däpler indi häzirki demokratik jemgyýetimiziň esasy mazmunyna öwrüldi. Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilýändigi ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly däpleriniň döwrebap dowam etdirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Baş baýramyň — şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öň ýanynda maslahat etmek bitewüligi maksat edinen mähriban halkymyzyň ata-baba öňden gelýän asylly däbidir, döwletli dessurydyr. Gadymdan gelýän bu asylly däp bu gün — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy gymmatlygy bolup, döwrebap täze many-mazmuna eýedir.
Ýokary derejede amala aşyrylýan beýik işlere göz aýlanyňda, ýetilen belent sepgitler we gazanylan ýokary üstünlikler barada buýsanç bilen bellemäge aýdara zatlaryň köpdügini aýratyn nygtamak gerek. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde asyrlara barabar beýik işleriň amala aşyrylýandygy buýsandyrýar. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň has-da berkemeginde we onuň ykdysady kuwwatynyň artmagynda, döwletimiziň özygtyýarly döwlet hökmünde dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna deňleşmeginde ägirt uly işleriň amala aşyrylandygy bu gün dünýä mälimdir.
Beýik ösüşleriň we özgerişleriň ýyly bolan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak we onuň halkara derejesindäki at-abraýyny belende götermek wezipeleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny aýratyn bellemek zerurdyr. Döwletimiziň kuwwatyna kuwwat goşýan ykdysady ulgamy ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda köp sanly işler amala aşyrylýar.
Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda — paýtagtymyzda 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda bolup geçjek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň hem Berkarar döwletimiziň ykdysadyýetini öňküden-de ösdürmekde, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, ýurdumyzyň halk hojalygyny mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösdürmekde, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekde örän uly ähmiýeti bolar. Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde uly orun alan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýokary derejede geçiriler. Goý, halkymyzy eşretli, bolelin durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy ösüşleriň ynamly ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!