Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Belent maksatly bagtyýar ýaşlar

Belent maksatly bagtyýar ýaşlar

1 Sentýabr, 2026 Makalalar
34

Aýgül SÄHETGELDIÝEWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby:

— Mugallymçylyk hünärine höwes edemsoň, ýylyň-ýylyna ders bäsleşiklerine gatnaşýardym. «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň etrap, welaýat tapgyrlarynda 9 — 11-nji synplarda taryh dersi boýunça, şeýle-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde okuwçylaryň arasynda geçirilen bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolmagym meni täze üstünliklere ruhlandyrdy. Mähriban mugallymlarymyň görüm-göreldesi, ata-enemiň, deň-duşlarymyň uly ynam bildirmegi bilen Mugallymçylyk mekdebiniň talyby bolmagym durmuşymda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda saýlap alan ugrumyzdan hünär bilimini ýokary derejede ele alyp, jemgyýetimize peýdaly hünärmen bolup ýetişeris diýip ynandyrasym gelýär. Biz — ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaç bolsun!