Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sazlaşykly ösýän türkmen jemgyýetiniň durmuşynda möhüm syýasy wakalaryň biri hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde milli demokratiýamyz kämilleşdirilýär, döwrüň ösen ruhuna laýyk getirilýär. Ol döwürleriň we nesilleriň möhüm arabaglanyşygyny açyp görkezmekde, pederlerden dowam edýän asylly ýörelgeleriň pugta berjaý edilişini alamatlandyrmakda esasy ýörelge bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösüşini kesgitlemekde, il bähbitli, döwlet ähmiýetli işlere giňden nazar aýlamakda öňe ädilen möhüm ädimleriň biri bolar.
Ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgelere esaslanyp, halkymyzyň arzuw-islegleri öwrenilýär we beýan edilýär. Şeýle hem beýik işleri mundan beýläk-de giň gerim bilen durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeler mejlisde ara alnyp maslahatlaşylar. Ýurdumyzyň syýasy we ykdysady, medeni durmuşynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda giňişleýin durlup geçiler. Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, halkyň agzybirligini we asudalygyny pugtalandyrmakda, ýaş nesliň bilimli-terbiýeli bolmagynda uly işler alnyp barylýar. Bu işleri üstünlikli dowam etmekde hem agzybirlikli ýa-da agzybirlik bilen ýola goýlan başlangyçlar esasy ugur bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň orny uludyr. Çünki mejlisde halkymyzyň teklipleri nazarda tutulýar we aýdyň maksatlar kesgitlenilýär.
Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzy bedew batly ösüşler bilen öňe alyp gitmek, halkyň medeni, ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk hem ösdürmek, milli ýörelgeleri dowam etmek aýdyň wezipeler bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegi nazarlaýan ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri ata Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şöhratyny artdyrýar. Türkmen jemgyýetiniň kämil görnüşiniň kemala getirilmegi üçin durmuşa ornaşdyrylýan işler, ýurduň we sebitiň ösüşine itergi berýän ajaýyp başlangyçlar halkymyzda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjy artdyrýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän ýurt hökmünde giňden tanalýar. Goý, mähriban türkmen halkynyň bagtyýar geljegi ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!