Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli «Ylym we bilim XXI asyrda» ady bilen guralan halkara maslahat bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmekde, mugallymçylygyň döwrebap usullaryny ara alyp maslahatlaşmakda hem-de ýaş alymlaryň ylym-bilimlerini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilimi kämilleşdirmek, bu ugra sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, halkara gatnaşyklary ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýokary okuw mekdeplerinde ylmy barlaglar giň gerimde alnyp barylýar. Professor-mugallymlaryň, talyplaryň döredijilikli gözlegleri goldanylýar. Öňdebaryjy dünýä tejribelerini milli ulgama sazlaşykly ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenabat şäherindäki baýry ýokary okuw mekdebinde guralan maslahat hem hut şu asylly işleriň aýdyň beýany boldy.
Türkmen, rus we iňlis dillerinde utgaşykly görnüşde geçirilen halkara maslahata dünýäniň 15 döwletinden — Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Russiýa Federasiýasyndan, Belarusdan, Germaniýadan, Türkiýeden, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Owganystandan, Eýrandan, Hindistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan hem-de Türkmenistandan ýokary okuw mekdepleridir ylmy edaralaryň 50-den gowragyndan 350-ä golaý wekil gatnaşdy. Olaryň 150-den gowragynyň daşary ýurtlardandygy maslahatyň halkara ähmiýetini has-da artdyrdy.
Maslahatyň açylyşy we umumy mejlisi institutyň «Altyn nesil» medeniýet merkezinde boldy. Onda ýokary okuw mekdebiniň wekilleri bilen dürli döwletlerden gelen görnükli alymlar hem çykyş etdiler. Gadymy Lebabyň taryhy ýadygärliklerini öwrenmekde köp sanly ylmy gözlegleri alyp baran russiýaly professor Albert Burhanow öz çykyşynda Orta Amyderýanyň sag kenaryndaky orta asyr Nawidah şäheriniň galyndylarynda geçirilen taryhy-arheologik barlaglaryň netijeleri barada aýtdy. ABŞ-dan mikrobiologiýa ylymlarynyň doktory, professor Kakajan Kömürow howply täze döremeleri bejermegiň usullary hakyndaky ylmy garaýyşlaryny paýlaşdy. Şeýle hem Türkiýeden professor Berdi Saryýew atlaryň grammatik derejelerini öwretmekde türki dil daragtynyň ähmiýetine ünsi çeken bolsa, Germaniýadan Şerzad Hakimow türki diller üçin tebigy dili gaýtadan işlemegiň gurallary baradaky pikirlerini öňe sürdi. Ýokarda ady agzalanlardan başga-da, Russiýadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan we Türkmenistandan alymlaryň çykyşlarynda bilim, psihologiýa, edebiýat, amaly himiýa, emeli aň tehnologiýalary ýaly ugurlar boýunça möhüm pikir-garaýyşlar orta atyldy.
Forumyň işi bäş bölümde dowam etdi. «Taryh, jemgyýetçilik ylymlary we medeni miras» atly birinji bölümde milli mirasy öwrenmek, taryhy çeşmeleriň ylmy ähmiýeti, medeniýetleriň özara gatnaşygy, Bitarap Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygyndaky orny, ýaş nesle watançylyk terbiýesini bermekde metbugatyň we edebi mirasyň ähmiýeti ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. «Ýaş nesle bilim bermegiň döwrebap usullary» atly ikinji bölümde pedagogikanyň iň wajyp ugurlary — interaktiw usul bilen okatmak, sanly bilim gurşawy, emeli aň tehnologiýalary, inklýuziw bilim, tankydy pikirlenmäni ösdürmek, daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman usullary, ýaş hünärmenleri taýýarlamak ýaly meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi.
Üçünji bölüm filologiýanyň häzirki zaman meselelerine bagyşlandy. Onda dil öwreniş, edebiýat, terjime nazaryýeti, frazeologiýa, terminologiýa, köp dillilik, sanly gurşawda dil öwrenmegiň aýratynlyklary, türkmen diliniň baý sözlük düzümi we edebi mirasyň ylmy taýdan özleşdirilişi barada gyzykly çykyşlar edildi. «Tebigy ylymlar we ekologiýada durnukly ösüş» atly bölümde ekologik howpsuzlyk, biodürlülik, suw serişdeleri, Aral deňzi bilen bagly meseleler, oba hojalygynda we tebigy ylymlarda sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy, «ýaşyl» ösüş, wirtual barlaghanalar, STEAM bilimi ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşylyp, soňky bölüm takyk ylymlara we sanly tehnologiýalara bagyşlandy. Olarda matematika, informatika, emeli aň, sanly bilim platformalary, hasaplaýyş tehnologiýalary, maglumatlar bilen işlemek, talyplaryň döredijilikli pikirlenmesini ösdürmek ýaly ugurlar boýunça çykyşlar edildi.
Jemleýji mejlisde geçirilen işleriň netijeleri barada bölümleriň ýolbaşçylary tarapyndan hasabatlar berildi. Çykyşlarda forumyň ähmiýetli geçendigi, ylym bilen bilimiň häzirki zaman meselelerini çözmekde, halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ýaş nesliň ylma höwesini artdyrmakda möhüm ädim bolandygy bellenildi. Maslahatdaky çykyşlar ýakyn geljekde gollanma hökmünde çap ediler. Halkara maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda ylmy täze belentliklere çykarmak babatda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.