Ogulniýaz ANNATAGANOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy:
— Giň göwrümli we halk bähbitli beýik işleri maksat edip, durnukly ösüşiň röwşen ýolunda abadançylygyň we rowaçlygyň belent sepgitlerine tarap bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda şatlyga beslenip bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen «Mukaddes Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly bäsleşikde maňa hem ýeňiji bolmak paýy miýesser etdi. Munuň özi mundan beýläk-de yhlasly işlemäge, ýaşlarymyza döwrebap bilim öwretmäge ruhlandyrdy.
Beýik we guwandyryjy üstünliklere beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän mukaddes baýramçylyga taýýarlan özboluşly döredijilik sowgadymyň ýerine düşendigine buýsanjymyň çägi ýok.
Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda, ykdysadyýetde ägirt uly guwandyryjy ösüşler, uly özgerişler bolup geçdi. Täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala geldi. Mähriban döwletimize wepaly, bilimli-ylymly, täze nesli terbiýeläp ýetişdirdik. Eziz Diýarymyzda gazanylan bu beýik üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri bütin dünýä ýüzi görýär. Ata Watanymyzyň beýik ösüşleri, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän işlere mundan beýläk hem öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Bize işlemäge, halal zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!