Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy: tejribeleri utgaşdyryp, täze gözýetimlere

Türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy: tejribeleri utgaşdyryp, täze gözýetimlere

4 Sentýabr, 2026 Makalalar
21

Ylym, bilim hem-de ýaşlar syýasaty boýunça dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ilerledilmegi milli ykdysadyýetiň köpugurly ösdürilmeginde, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy bilimlerinden habardar, häzirki zaman tehnologiýalaryna başarjaň erk edip bilýän zehinli ýaşlary kemala getirmekde derwaýys ähmiýete eýedir. Daşary ýurtlaryň ylym-bilim we ýaşlar syýasaty boýunça döwlet düzümleri, ýokary okuw mekdepleri, ylmy merkezleri bilen gatnaşyklaryň özara bähbitli, geljegi uly ugurlar boýunça ösdürilmegi tejribe alyşmakda hem-de tagallalary utgaşdyrmak esasynda täze taslamalaryň başyna barmakda giň mümkinçilikleri açýar. Golaýda ýurdumyzda saparda bolan Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadzäniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşyklar aýdanlarymyzyň anyk-aýdyň güwäsi boldy.

Gruziýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza saparynyň Diýarymyzda her ýyl giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelmegi özboluşly mana eýe boldy. Dostlukly ýurduň wekilleri saparyň çäklerinde, 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň geljekki ussat hünärmenlerini taýýarlaýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Şol gün ýurdumyzda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň, şeýle hem täze umumybilim berýän mekdepleriňdir çagalar baglarynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň toplumlaýyn, maddy-enjamlaýyn düzümi taýdan yzygiderli kämilleşdirilýändigini äşgär edýär. Gruziýaly myhmanlar bu ugurdaky özgertmelere ýokary baha berip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bilim binýadynyň barha pugtalanýandygyny nygtadylar.

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow bilen Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri G.Mikanadzäniň arasynda geçirilen duşuşykda degişli ugurda gazanylan tejribeleri paýlaşmak, döwrebap bilim özgertmeleri, ylmy barlaglar, önümçilik ýaly anyk ädimleri talap edýän ugurlar boýunça pikir alşyldy. Şunda bilim, ylym, önümçilik we zähmet bazarynyň arasyndaky arabaglanyşygy pugtalandyrmak dürli ykdysady pudaklar üçin ökde hünärmenleri taýýarlamakda wajypdyr. Bilelikdäki ylym we bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi bolsa täzeçillikleri tiz özleşdirmäge, has netijeli usulyýetleri, tehnologiýalary bilim işine ornaşdyrmaga mümkinçilik döredýär.

Gruziýada häzir ylym-bilim ulgamyny depginli ilerletmek babatda çuňňur özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, Ýewropanyň öňdebaryjy tejribelerine yzygiderli eýerilýändigi nazarda tutulanda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň halkara bilim ulgamyndaky ornuny has-da pugtalandyrmaga giň ýol açar. Bu meselede iki ýurduň arasynda akademiki alyşmalary, mugallymlaryň we talyplaryň tejribe alyşmaklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirilýär. Şeýle hem ýaşlar babatda iki ýurtda gezekleşip geçiriljek tomusky lagerleri guramak, ýaş alymlaryň duşuşyklaryny, bilelikdäki bilim, ylmy we innowasion taslamalary ösdürmek meselelerine ähmiýet berler. Gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak maksady bilen, duşuşykda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin Iş toparynyň döredilmeginiň ähmiýeti barada hem durlup geçildi. Bu toparyň iki ýurduň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde hereket etmegini, bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary ara alyp maslahatlaşmagy, şeýle hem ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň utgaşdyrylmagyny gazanmak maksat edinilýär. Munuň özi bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda işjeňleşdirmäge ýardam berer.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga, sanly tehnologiýalary bilim işinde peýdalanmagyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, esasan-da, hünärmenleriň bu özgertmelere taýýarlygyny, başarnyklaryny kämilleşdirmäge soňky ýyllarda möhüm ähmiýet berlip, uly öňegidişlikler gazanylýar. Mälim bolşy ýaly, Gruziýanyň bilim ulgamynda hem sanlylaşdyrma bilim bermek işini toplumlaýyn ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. Şonuň esasynda sanly tehnologiýalary we emeli aňyň mümkinçiliklerini bilim işine ornaşdyrmak babatda tejribe alyşmak duşuşykda maslahatlaşylan esasy ugurlaryň biri boldy.

Gruzin tarapy türkmen ýaşlarynyň Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin mümkinçilikleri giňeltmegi, Türkmenistanda Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň bilim sergisini geçirmegi, bilelikdäki ylmy taslamalary goldamagy we maliýeleşdirmegi hem-de Türkmenistanda Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň şahamçasyny açmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýär.

Saparyň çäklerinde gruziýaly myhmanlar «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna baryp, gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeline gül goýdular. Şeýle hem olar Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bolup, ýokary okuw mekdepleriniň işi, hünär ugurlary, olarda alnyp barylýan ylmy barlaglar bilen tanyşdylar. Ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler geljekde ýokary hünär bilimi ulgamynda täze gözýetimleri açar.

— Biziň şu gezekki saparymyz, esasan, bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, geljekde birek-birekden öwrenmek we özleşdirmek, akademiki alyşmalary ilerletmek, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň häzirki ýeten derejesi bilen tanyşmak babatda ajaýyp mümkinçilik boldy. Mysal üçin, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygymyzda mugallymlary we talyplary alyşmagyň, özara ylmy maslahatlary guramagyň, maslahatlara gatnaşmagyň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdyk. Şeýle hem Aşgabatda ýurduň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryndaky üstünliklerine bagyşlanyp geçiriljek sergä we maslahata gatnaşmaga isleg bildirýäris. Bu bize halkara bilim bäsleşiklerinde yzygiderli ýokary netijeleri görkezýän türkmen ylmynyň we biliminiň gazananlary bilen has içgin tanyşmak, şeýle hem Gruziýanyň bilim ulgamynyň ösüşini tanyşdyrmak üçin uly mümkinçilik bolar — diýip, Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministriniň orunbasary Zwiad Gabisoniýa söhbetdeş bolanymyzda gürrüň berdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň iýul aýynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy ugurlaryň hatarynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem ýurdumyzyň we Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalara gol çekilipdi. Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadzäniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza sapary hem bu resminamalaryň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin möhüm badalga bolup hyzmat edýär.

Annaguly IŞANGULYÝEW.
«Türkmenistan».