«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bolmak bagty miýesser eden ýaşlaryň ýürek joşgunlary bu gün hemmeleriň göwnüni galkyndyrýar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň: «Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertirki gün ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr» diýen sözleri hakydaňa dolýar. Elbetde, talyplyk — ýaşlygyň arzyly menzili. Biz hem talyplygyň bosagasyndan ätlän bagtyýar ýaşlara uly üstünlikleri arzuw edip, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Aýnur DURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 1-nji ýyl talyby:
— Orta mekdepde bilim başarnyklarym boýunça dürli bäsleşiklere yzygiderli gatnaşdym. Olardan BMG-niň Ilat gaznasynyň guramagynda geçirilen «Maşgala isleg, goldaw bilen başlanýar» atly akwarelde surat çekmek bäsleşiginde 3-nji orna, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň, BMG-niň Senagat Ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikde yglan eden «Ozon we klimat» atly ylmy-döredijik bäsleşiginde 3-nji, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde geçirilen «Kitap bilen dünýä syry açylýar» atly kitap okamak bäsleşiginde 1-nji, «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde geçirýän «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginde 3-nji orna mynasyp boldum. Şeýle bäsleşiklere gatnaşmak daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesimi has-da artdyrdy. Biz — talyp ýaşlara okamaga, döretmäge, daşary ýurt dillerini öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz bimöçberdir.
Begenç PÜRLIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby:
— «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni ýaşlaryň durmuşynda täze ylmy, döredijilik we zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan wakalara beslenýär. Şu ýyl ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Durmuşymda şeýle ajaýyp pursadyň bolanlygy meni diýseň begendirýär. Ýokary okuw mekdebine girmäge taýýarlanýan döwürlerimde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryny ürç edip okadym. Bu kämil eserlerden gymmatly maglumatlary öwrenip, maksada okgunly bolmak, öz wagtyňy dogry peýdalanmak ýaly möhüm häsiýetleri özleşdirdim. Mekdep okuwçy döwrümden bäri himiýa sapagy bilen ýakyndan gyzyklanýaryn. Bu ugur boýunça geçirilen dürli ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldum. Mundan başga-da, okuwdan boş wagtlarym dil merkezlere gatnap, daşary ýurt dil endiklerimi kämilleşdirdim.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaşlaryna ylym öwrenmäge, kämilleşmäge döredip berýän mümkinçilikleri bizi geljekki üstünliklerimize ruhlandyrýar.
Jeren BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby:
— Suratkeş bolmak meniň çagalyk arzuwymdy. Şonuň üçin orta mekdepde okaýarkam, okuwymyň daşyndan paýtagtymyzdaky Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminde şekillendiriş sungatynyň ilkinji tilsimlerini höwes bilen öwrendim. Sapaklaryma ykjam ýapyşyp, ýaşajyk suratkeşiň dünýäsine mahsus eserlerimi döretdim. Ýeri gelende, bu mekdepde surat çekmegiň tilsimlerini birkemsiz öwreden mähriban mugallymlaryma tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin.
2026-njy ýyl ýüregimde beslän maksatlarymyň iň arzyly arzuwymyň amal bolmagyna getirdi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby boldum. Durmuşymyň bu şatlykly wakasyna bolan buýsanjymyň, begenjimiň çägi ýok. Biz — ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik gözleglerine içgin aralaşmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Dawut BEGENJOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby:
— Türkmen bedewi halkymyzyň asyrlardan gelýän şöhratynyň aýdyň nyşanydyr. Bedewleriň owazy, olaryň nurana keşbi kalbymda aýratyn buýsanç duýgusyny döredýär. Hususan-da, milli at üstündäki oýunlar kalbymy hemişe heýjana salýar. Toý-baýramlara beslenýän günlerimizde bu ugurdan talyplyk bagtyna miýesser bolandygyma örän begenýärin. Talyp bolmak, aýratyn-da, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda bilim almak durmuşymda täze mümkinçilikleriň gapysyny açýar. Bu ýerde türkmen atçylyk sungatynyň inçe syrlaryny öwrenip, milli däplerimizi dowam etdirmek ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmarys.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary bolsa bedewlere bolan söýginiň, ussatlygyň we ýeňişlere bolan ynamyň mekdebidir. Bu toparyň halkara üstünlikleri, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny belende götermegi her birimizde uly buýsanç döredýär. Men hem geljekde bu toparyň abraýly ýoluny dowam etdirýän mynasyp hünärmenleriň biri bolmagy arzuw edýärin. Biz — ýaşlara berilýän uly goldaw, döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.