Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Halkara giňişlikde

Halkara giňişlikde

14 Iýul, 2026 Makalalar
53

Talyplaryň tomusky tejribeligi

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ojaklary daşary döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag merkezleri, iri kompaniýalary bilen halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini yzygiderli giňeldýärler. Bu ugurda durmuşa geçirilýän halkara bilim maksatnamalary, özara alyşmalar professor-mugallymlar, talyplar üçin bilim, ylmy-gözleg hem-de hünär taýdan ösüş babatda täze mümkinçilikleri açýar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki Khalifa uniwersiteti tarapyndan guralan «Daşary ýurtly talyplar üçin tomusky energetika lageri» atly okuw maksatnamasynyň çäginde okuw-önümçilik tejribeligini geçmekleri hem munuň bir mysalydyr. Tejribeligiň esasy maksady meşhur «ADNOC» kompaniýasynyň alyp barýan önümçilik işleri bilen tanyşmakdan, Khalifa uniwersitetiniň okuw we ylmy işler boýunça tejribesini öwrenmekden ybarat boldy.

Abu-Dabide bolmagynyň dowamynda talyplar agzalan bilim ojagynda häzirki zaman nebitgaz tehnologiýalary, emeli aňyň energetika pudagyna ornaşdyrylyşy babatda görülýän çäreler, onuň tejribehanalarynda geçirilýän ylmy-barlag işleri, öňdebaryjy önümçilik usullary, okuw merkezleridir muzeýleri bilen içgin tanyşdylar. «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri», «Guýulary burawlamak», «Nebitiň we gazyň inženerligi», «Gatlak flýuidleriň häsiýetleri» atly mowzuklar boýunça guralan gysga möhletli okuwlar olaryň nazary bilimlerini has-da kämilleşdirmekde ähmiýetli boldy.

Şu günler Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary bolsa ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň Italiýanyň Florensiýa şäherindäki şahamçasynda tomusky tejribe-okuw sapaklaryny geçýärler. Iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda hereket edýän özara düşünişmek hakynda Ähtnama laýyklykda guralýan bu okuwlar talyplara diňe bir nazary bilimlerini çuňlaşdyrmaga däl, eýsem, halkara gurşawda öz ugurlary boýunça amaly ukyplaryny ösdürmäge-de mümkinçilik berýär. Olar baý taryhy, medeniýeti we sungaty bilen dünýäde giňden ykrar edilýän Florensiýa şäherinde dürli ýurtlardan gelen deň-duşlary bilen dostlaşyp, bilimlerini paýlaşýarlar, dil başarnyklaryny kämilleşdirýärler.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».