Adamzat medeniýetiniň naýbaşy mirasy, gözelligiň täsin nusgasy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň şöhraty jümle-jahana dolýar. Berkararlygyň ýeňişli gadamlary bilen öňe barýan eziz Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde milli seýisçilik sungaty we atçylyk sporty täze sepgitlere ýetýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň ilkinji günlerinde ajaýyp bedewleriň muşdaklarynyň ünsi Ýewropa gönükdirildi. Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki meşhur «Pilbergen» halkara atçylyk sport merkezinde ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň guralmagy türkmen bedewiniň şan-şöhratynyň bütin dünýä ýüzünde näderejede belentde tutulýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Dünýäniň iň gadymy, asylly we arassa ganly bedew tohumlarynyň biri bolan ahalteke atlarynyň arasyndaky bu dünýä çempionatynyň Ýewropanyň iň meşhur atçylyk sport toplumlarynyň birinde guralmagynyň çuňňur manysy bardyr. Munuň özi türkmen medeni mirasynyň bütindünýä ykrarnamasy bolup, halkymyzyň bäş müňýyllyk milli mirasyny häzirki zaman sport usulyýetleri hem-de sanly tehnologiýalar bilen üstünlikli utgaşdyrmaga täze şertleri we uly mümkinçilikleri döretdi.
Dünýä çempionatynyň çäklerinde ahalteke bedewleriniň päsgelçiliklerden geçmek, ýagny konkur, şeýle hem çydamlylyk we üşüklilik ýaly ajaýyp sport häsiýetlerini açyp görkezýän özüne çekiji ýaryşlar guraldy. Bu ýaryşlar, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan türkmen seýisçilik sungatynyň, bedewlerimizi diňe bir gözellik däl, eýsem, uly sport synaglaryna hem kämil derejede taýýarlamaga ukyplydygyny ýene bir gezek äşgär etdi. Atçylyk sungatynyň muşdaklarynyň uly gyzyklanma bilen garaşan gözellik bäsleşigi we dünýä belli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üýtgeşik, täsin we haýran galdyryjy çykyşlary bu baýramçylygyň iň arzyly dabaralarydyr.
«Pilbergen» halkara atçylyk sport merkezinde milli at esbaplary, şaý-sepler, meşhur türkmen halylary we haly önümleri, zergärçilik sungatynyň seýrek nusgalary, nakgaşlyk hem-de heýkeltaraşlyk eserleri bilen tanyşdyrýan serginiň guralmagy milli medeniýetimizi dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir. Şonuň bilen bir wagtda, dürli ýurtlardan ýygnanan alymlardyr seýisleriň ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny saklamak, olaryň saglygyny goramak, seýislemegiň innowasion usullaryny we pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak ýaly wajyp meseleleriň giňişleýin ara alyp maslahatlaşylmagy üçin geçirilen ylmy-amaly maslahatyň uly ähmiýeti bar.
Türkmen halkynyň taryhy ykbalynda bedew at maddy we ruhy gymmatlyklaryň iň belent derejesini emele getirýär. Şonuň üçin-de, Garaşsyz Watanymyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ugurda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýarlar.
Ýurdumyzyň çar künjeginde döwrebap atçylyk sport toplumlary, ylmy-önümçilik merkezleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Döwletimiz tarapyndan seýisleriň, çapyksuwarlaryň we atçylyk pudagynyň hünärmenleriniň netijeli işlemegi we ýokary sepgitleri gazanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda we ahalteke atlarynyň nesil arassalygyny ylmy esasda gorap saklamakda uly ähmiýete eýedir.
Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň tassyklanyp, onuň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň asyrlara uzaýan taryhynyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde ýokary baha berilýändigini tassyklaýar.
Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen dünýä çempionaty Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda Watanymyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli beýik işleri halkara jemgyýetçiligine ýene bir gezek äşgär etdi. Türkmeniň göz guwanjy, başynyň täji, wepaly syrdaşy bolan ahalteke atlarymyzyň dünýädäki şöhratynyň artýandygy örän buýsançlydyr. Milli gymmatlygymyz bolan ahalteke bedewlerimizi ylmy esasda öwrenmäge we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.