Durdyguly Amangeldiýew 1960-njy ýylda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda dogulýar. Häzirki ajaýyp döwrümize buýsanyp, ýaş nesillere dil öwretmek, edebiýatyň many-mazmunyny düşündirmek asylly ýörelgedir. Bu asylly ýörelgä eýerýän Durdyguly Amangeldiýew indi ençeme ýyl bäri mugallymçylyk kärinde zähmet çekýär.
Durdyguly heniz ýaşlykdan dil öwrenmegi ýüregine düwdi, mekdep kitaphanasynda bar bolan çeper eserleri okap çykdy. Özi hem diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, rus dilindäki çeper eserleri hem ürç edip okady. Her eseri okanda, dildäki sözleriň manysy, sözleriň şirinligi hakynda pikir ýöretdi. Elbetde, özi hem çeper eserleri okamak ýaş Durdygulyda dile bolan gyzyklanmany artdyrdy. Şeýle bolansoň, ol orta mekdebi tamamlap, dil we edebiýat boýunça ýokary okuw mekdebinde okuwyny dowam etdi.
Oba ýerinde mugallym bolup işlemegiň özboluşly täsiri bar. Hawa, mugallymçylyk käriniň özi täsirli, ýaş nesillere bilim öwretmek hem gyzykly. Çünki obada mugallymy hemmeler tanaýar, ol uly hormata mynasyp adam bolup durýar. Durdyguly mugallym hem şeýle hormata, sarpa mynasyp mugallymlaryň biridir. Häzir onuň okadan okuwçylarynyň köpüsi mugallymçylyk kärinde zähmet çekýärler. Bu günki günde Durdyguly mugallym ýaşlaryň hem halypasydyr. Şonuň üçin ýaş bilim işgärleri ondan tejribeli pedagog hökmünde maslahatlaryny soraýarlar. Ýaşlara bilim öwretmek, sapagy täsirli guramak, okuwçylaryň ünsüni çekmek, gyzyklandyrmak ýaly dürli meseleler bilen ýaş mugallymlar halypa ýüzlenýärler.
Durdyguly mugallymyň halypaçylyk ýoly hem köp ýyllary öz içine alýar. Ol Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky 16-njy orta mekdepde rus dili we edebiýat mugallymy bolup işe başlady. D.Amangeldiýew bilim ulgamynda mugallymçylyk kärinde işe başlap, soňra Bäherden etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary, 2002-nji ýylda ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy wezipelerinde işlemek bilen, tejribe toplady we Hormat hatlara mynasyp boldy.
Halypa mugallym 2015-nji ýyldan bäri Bäherden etrabynda rus dili we edebiýat mugallymlarynyň usuly birleşmesine ýolbaşçylyk edip gelýär. Etrapda geçirilýän usuly maslahatlara hödürlenýän usuly çykyşlara seljerme bermekde uly tejribesinden peýdalanýar. Usuly sapaklary guramakda, okuwçylara bilim öwretmekde hem tejribesini paýlaşýar. Aýratyn hem, dil öwretmekde okuwçylaryň ünsüni çekmek, dünýä dilleriniň ähmiýeti hakynda düşündirmek halypanyň asylly ýörelgesine öwrüldi. Mugallym dil bilýän ýaşlaryň dünýäniň çeper eserlerini hem, ylmy edebiýatyny hem oňat özleşdirip bilýändigini nygtaýar. Munuň şeýledigini mugallymyň okadan uçurymlary dürli hünärde zähmet çekýän ýaşlar durmuş tejribesinde görýär. Öz ugurlarynda dünýä edebiýatyny, ylmyny özleşdiren mahallary Durdyguly mugallyma sagbolsun aýdýarlar. Çünki onuň gymmatly maslahatlary durmuş tejribede ýol-ýörelge bolýar.
Halypa mugallym Bäherden etrabyndaky 23-nji orta mekdepde rus dili we edebiýat mugallymy bolup işlemek bilen, her ýyl etrapda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiklerine rus dili dersinden taýýarlan okuwçylary etrap bäsleşiklerinde ýeňiji bolup, Ahal welaýat bäsleşiklerine gatnaşýarlar. Bu hem halypanyň okatmak ussatlygynyň, bilim öwretmek tejribesiniň kämildigini beýan edýär. Durdyguly mugallym welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezlerinde usuly sapaklary geçip, özüniň baý iş tejribesini mugallymlar köpçüligine ýaýmakda ýadawsyz zähmet çekýär. Ol öz zähmeti bilen mugallymlaryň we ata-eneleriň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Okuw sapaklaryny we geçilýän her bir terbiýeçilik çärelerini milli medeniýetimiz, şeýle-de okatmagyň we öwretmegiň dünýä ülňülerine laýyk gelýän öňdebaryjy iş tejribeler bilen berk baglanyşdyryp geçýär.
Durdyguly Amangeldiýew Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim özgertmelerinden, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndan gelip çykýan wezipelere düşünýän, syýasy taýdan sowatly bilim işgäri hasaplanýar. Onuň ýanýoldaşy Annagözel Amangeldiýewa hem 40 ýyl bäri biregne bile bir mekdepde zähmet çekip gelýär. Annagözel mugallym hem rus dili we edebiýat mugallymy. Mugallymlar maşgalasynda dört çagany terbiýeläp ýetişdirdiler. Bu günki günde bu çagalar ene-atalarynyň asylly terbiýesini kalplaryna guýup, hersi bir hünäri ele aldylar hem-de Watana, halka hyzmat edýärler. Şeýle halypa mugallymlary göreniňde, bilim barada, terbiýe hakynda gyzykly söhbetlere gümra bolýarsyň. Çünki şeýle halypalaryň geçen ýoly ýaş nesiller üçin hem göreldedir.