Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda milli bilim ulgamy kämilleşdirilip, oňa iň döwrebap sanly ulgamlar, innowasiýalar hem-de halkara tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Garaşsyz döwletimizde talyp ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy we olaryň innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesillere dünýä derejesinde bilim bermek maksady bilen, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen halkara gatnaşyklaryny berkitmäge aýratyn üns berilýär.
Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde Türkmenistandaky «Lu Ban ussahanasynyň» açylandygyny hem görkezmek bolar. Bu halkara taslamasynyň durmuşa geçirilmegi türkmen-hytaý dostlukly hyzmatdaşlygynyň taryhynda we ony pugtalandyrmakda täze bir sahypany açdy. Şanly ýylymyzda döredilen täze merkez ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek işleri häzirki döwürde üstünlikli amala aşyrylýar. Dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň kämilleşmegi jemgyýetiň intellektual baýlygynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Şu maksat bilen durmuşa geçirilýän «Lu Ban ussahanasy» halkara taslamasy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilim we ylmy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ussahana döwrebap sanly enjamlar hem-de ýöriteleşdirilen barlaghana ulgamlary bilen üpjün edilip, talyplara we mugallymlara innowasion tehnologiýalary özleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Nebitgaz pudagynda sanly tehnologiýalary we bu ugurdaky täze ylymlary öwrenmäge şert döredýän bu merkez hoşniýetli hyzmatdaşymyz bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen ylym-bilim gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarýar. Bu halkara taslamasy ýaşlaryň dünýäniň iň kämil tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan hünärmenler bolup kemala gelmegine uly itergi berer. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 28-nji iýunyndan 7-nji iýulyna çenli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň uniwersitetlerinde geçirilen hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşmaklary bolsa daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen halkara gatnaşyklaryny berkitmekde uly ähmiýete eýe boldy. Bu okuwlar diňe bir hünär bilimlerini kämilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, häzirki zaman tehnologiýalaryny öwrenmekde, halkara tejribeleri alyşmakda we täze bilim mümkinçilikleri açmakda möhüm meýdançadyr. Häzirki döwür ylym-bilimiň ösýän, barha kämilleşýän döwrüdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde bu gün bilim ulgamynyň maddy üpjünçiligi has-da ýokary derejä eýe boldy. Okuwlaryň şeýle ýokary derejede guralmagy ýaşlary hünärlere ugrukdyrmakda-da uly ähmiýete eýedir.
Häzirki döwürde dünýä ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri sanly tehnologiýalar bolup durýar. Emeli aň, uly maglumatlary seljermek, akylly maglumat ulgamlary we innowasion bilim usullary jemgyýetiň dürli ugurlarynda täze mümkinçilikleri döredýär. Şeýle şertlerde ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, mugallymlaryň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Hytaý Halk Respublikasynyň uniwersitetlerinde geçirilen hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň dowamynda esasy üns berlen ugurlaryň biri hem emeli aň tehnologiýalary boldy. Gatnaşyjylar emeli aňyň häzirki zaman mümkinçilikleri, wagt hasaplaýyş ulgamlary we akylly maglumat ulgamlary boýunça täze bilimleri özleşdirdiler.
Aýratyn hem, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynda emeli aň algoritmleriniň önümçilik proseslerinde ulanylyşy, maglumatlaryň awtomatik seljerilişi we çylşyrymly meseleleriň sanly çözgütler arkaly ýerine ýetirilişi barada giňişleýin maglumat aldylar. Bu tehnologiýalaryň nebitgaz pudagynda aýratyn ähmiýeti bardyr. Sebäbi häzirki wagtda önümçilik prosesleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, maglumatlara esaslanan dogry çözgütleri kabul etmek we geljekki ýagdaýlary öňünden çaklamak üçin emeli aň giňden ulanylýar. Häzirki wagtda Garaşsyz Türkmenistan dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüjilikli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly döwlet hökmünde ykrar edilip, ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda belent sepgitleri nazarlaýar. Eziz Diýarymyzyň halkara abraý-mertebesiniň yzygiderli artmagynyň netijesinde özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hoşniýetli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy ähli ugurlarda, aýratyn-da, ylym-bilim ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge giň ýol açýar.