Gündogar pähimlerinde: «Bir ýylyň aladasyny etseňiz, däne ekiň. On ýylyň aladasyny etseňiz, daragt ýetişdiriň. Ýüz ýylyň, müň ýylyň aladasyny etseňiz, nesil ýetişdiriň», «Bilim bagt getirijidir», «Ylym bir daragtdyr» diýilýär. Munuň özi bilimli nesilleriň geljegi gurujylardygyny, bilimdir ylmyň bolsa jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän, ony öňe ilerledýän gymmatlykdygyny tekrarlaýar. Şu nukdaýnazardan, ýurt Garaşsyzlygynyň 35 ýylynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmek babatda uly özgertmeler amala aşyryldy we üstünlikli dowam etdirilýär. 26-njy awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen geçirilen ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bilim arkaly biz ajaýyp geljegimizi gurýarys, belent maksatlarymyzy amala aşyrýarys, ylymly-bilimli hem-de Watana wepaly nesilleri terbiýeleýäris. Dogrudan-da, bilimli nesilleri ýetişdirmek geljege iň ygtybarly maýany goýmakdyr. Şundan ugur alsak, häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap bilim ojaklary, çagalar baglary gurlup ulanmaga berilýär. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylyp, bilim işine okatmagyň innowasiýalara we tehnologiýalara daýanýan kämil usullary giňişleýin ornaşdyrylýar. Şol sanda dünýä biliminiň ülňülerine doly laýyk gelýän, kämilleşdirilen okuw kitaplary, gollanmalar neşir edilýär. Hut şu jähetden, ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahatynda geçen okuw ýylynyň jemi jemlenilip, 2026-2027-nji täze okuw ýylynda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylaryň ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda ata Watanymyzyň bilim ulgamynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergini synlandyklaryny bellemek gerek. Çünki Türkmenistan häzirki wagtda ýaş nesilleriň beýik geljegi barada çuňňur aladalar edýän bilimler we zehinler ýurduna öwrüldi. Muny ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlarynyň halkara ders bäsleşiklerinde gazanýan ýokary üstünlikleri bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Şeýle hem maslahatyň başynda bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda bolsa 2025-2026-njy okuw ýylynda çagalar bagyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işiniň milli ýörelgelere, öňdebaryjy tejribelere hem-de halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirilip, bilimiň üznüksizliginiň, onuň ähli derejesiniň yzygiderliliginiň üpjün edilendigine aýratyn üns çekildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda bilimiň ähli derejelerinde okuw derslerini okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmäge, şeýlelikde, çuňňur bilimli, pikirlenip bilýän, watansöýüji ýaş nesilleri ýetişdirmäge gönükdirilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» üstünlikli hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, eziz Diýarymyzda ýaş nesillere bilim bermek işiniň heniz mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýandygyny nygtamalydyrys. Çagalar baglaryna gatnaýan körpeler döwrebap usullar arkaly başlangyç ylmy düşünjeler, edep-ekramyň deslapky düzgünleri bilen tanyşdyrylýar. Körpelere bilim-terbiýäniň başlangyç esaslary berilýär, daşary ýurt dilleri öwredilýär. Çagalar bilen alnyp barylýan işiň mazmuny türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däplerini özüne siňdirmek bilen birlikde, häzirki zamanyň talaplaryna-da laýyklaşdyrylýar.
Umumybilim maksatnamalarynyň başlangyç, esasy orta we doly orta bilim derejelerinde mekdep okuwçylaryna diňe bir ylmy bilimleriň ulgamyny däl-de, eýsem, ylmy garaýyşlaryň giň ulgamyny özleşdirmäge şert döredilýär. Başgaça aýdylanda, mekdep döwründe okuwçylar özüňi alyp barmagyň ahlak düzgünleri bilen tanyşýar, daş-töwerekde bolup geçýän wakalar, hadysalar barada öz garaýşyny emele getirip, olar barada pikir ýöredip bilmegi öwrenýär. Bu döwürde mugallymyň ýolbaşçylyk başarnygy, ugrukdyryjy güýji möhüm bolup, şunuň bilen baglylykda, pedagogik işgärleriň hünär ussatlygy yzygiderli ýokarlandyrylýar. Elbetde, hünär ussatlygyna ymtylyş pedagogik düzümiň işiniň kämilligini üpjün edýän esasy şertleriň biridir. Bilim gory ýeterlik, ylmy täzelikler bilen yzygiderli tanyşýan, olary döredijilikli özleşdirip, gündelik işine ornaşdyrýan, okatmagyň usulyýetinden ussatlarça baş çykarýan, okuwçylar topary bilen işewür hyzmatdaşlygy ýola goýup, netijeli işleşmegi başarýan mugallym diňe bir bilim bermek bilen çäklenmeýär-de, şol bir wagtyň özünde her bir okuwçyny ukyp-başarnygyna görä hünäre ugrukdyrmagyň hötdesinden gelýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda belleýşi ýaly, «Hünär meselesi — adamyň ykbaly. Ykballar birleşip, halkyň ykbalyny emele getirýär. Halkyň ykbaly bolsa ýurduň, döwletiň ykbalydyr». Şundan görnüşi ýaly, her bir pedagogyň bilim berýän okuwçysynyň hünär saýlawyna ykbal saýlawy hökmünde garamagy, has takygy, elmydama hünär kämilligine ymtylmagy zerur bolup, bu barada maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda aýratyn durlup geçildi.
Ýeri gelende bellesek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda fiziki, jemgyýetçilik, emosional, aň, dil, akyl we beýleki aýratynlyklaryna garamazdan, çagalaryň umumybilim berýän edaralarda bilim almagyna mümkinçilik berýän okuw görnüşi bolan inklýuziw bilimi ösdürmek boýunça-da uly tagallalaryň edilýändigi nygtaldy. Sebäbi inklýuziw bilimde saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli bolan çagalar üçin okuwy täzeden meýilnamalaşdyrma, okuwyň täze usulyýeti, uýgunlaşdyrylan okuw meýilnamasy, üýtgedilen baha usuly ýaly ýörite şertleriň ençemesi göz öňünde tutulýar. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine aýratyn üns çekildi.
Mundan başga-da, maslahatyň barşynda Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna laýyklykda, hünär bilimi edaralarynda ruhy-ahlak terbiýesi boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler, şol sanda bilimi ösdürmekde ulanylýan emeli aň tehnologiýalary, halkara bilim hyzmatdaşlygy, mugallym hünärmenleri taýýarlamagyň milli we döwrebap çemeleşmeleri dogrusynda durlup geçildi. Hususan-da, şu ýylyň altyn güýzüniň ilkinji gününde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň hünär bilimi edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi bolar. Diýmek, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, hünär bilimi edaralarynyň, mekdepden daşary terbiýeçilik edaralarynyň ählisi bir bitewi ulgamy emele getirip, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlary kämil şahsyýetler edip ýetişdirmäge gönükdirilendir.
Görnüşi ýaly, kämillik ýoly bilimden başlanýar. Şoňa görä-de, täze 2026-2027-nji okuw ýylynda hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim işgärleriniň öňünde goýýan möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin döredijilikli zähmet çekmek biziň mukaddes borjumyzdyr.