Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşinde, aň-bilim mümkinçiliginiň ýokarlanmagynda, ýokary ahlak we estetiki duýgularynyň kemala gelmeginde, jemgyýetimiziň ruhy durmuşynyň baýlaşmagynda bilim ulgamynda döredilýän şertleriň ähmiýeti örän ýokarydyr. Hut şu belent maksatlardan ugur alnyp, häzirki wagtda milli bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim we medeni ulgamlarda giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy. Watanyň, halkyň sazlaşykly ösüşini ähli babatda ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň bu ulgamlardaky durmuşa ornaşdyrýan özgertmeleri, beýik işleri uly rowaçlyklara we üstünliklere beslenýär.
Ylmyň we bilimiň, ýokary tehnologiýalaryň ösen häzirki döwründe ýurduň mundan beýläkki ösüşini, bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek wezipesi hem köp babatda ykdysadyýetiň innowasion görnüşiniň kemala getirilmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Innowasiýalara daýanýan ykdysadyýet bolsa, ilki bilen, ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegini talap edýär. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamyny özgertmek, ösdürmek meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň möhüm derejelerini şertlendirýär.
Döwrebap bilim almak we döredijilik mümkinçilikleriniň şeýle tiz ösüş derejesi bu ulgama ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen has-da rowaçlanýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Bu babatda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Bu Konsepsiýa laýyklykda, jemgyýetiň ösüşiniň häzirki zaman şertleri ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli derejelerinde sanly tehnologiýalardan netijeli peýdalanyp, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, okatmakda, pedagogik işgärleri taýýarlamakda we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmakda giň gerimli ulgamlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Muňa mysal edip, iň täze, döwrebap kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen doly üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamynyň döredilendigini bellemek gerek. Durmuşa geçirilýän innowasion özgertmeleriň barşynda bilim ulgamynda giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa sanly bilimi ösdürmäge, ýaşlara döwrebap bilimleri öwretmäge ýardam edýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde Watanyň şöhratly ösüşleri, halkyň ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýgusyna eýe bolýan watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli, ylymly ýaşlarymyzyň müňlerçesi ýetişýär. Jemgyýetimizde ylmyň we bilimiň gymmaty has-da ýokarlanýar, bilim almaga, ylymly bolmaga höwesek ýaşlarymyzyň sany has-da artýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanda ylym-bilim binýadynyň berkden tutulýandygynyň, onuň kämil derejede ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen sazlaşykly ösdürilmegi öňde goýlan döwlet maksatnamalarynda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini şertlendirýär. Bu bolsa beýik ösüşleriň röwşen geljegini üpjün edýär.