Her bir amal edilmegi göz öňünde tutulýan döwletli işler üçin halka geňeş edip, sala salmak gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Oguz ýaşaýyş-durmuşyndan söhbet açýan «Oguznama» eseri, «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlary, halk paýhasy bilen döredilen dürli nakyllar muny aýdyň beýan edýär. Häzirki taryhy döwürde bu däp-dessurlar ýurdumyzyň durmuşynda ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Muny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi nobatdaky sapar beýan eder.
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisi we onda maslahatlaşylan meseleler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka boldy. Mejlisiň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek, ýurdumyzyň baş baýramy bolan milli Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna taýýarlyk görmek babatda eden maksatnamalaýyn çykyşy türkmen jemgyýetiniň sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň täze sepgitlerini ýüze çykardy.
Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistanda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak we maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek arkaly durnukly ösüş gazanylýar. Bu ugurda ykdysady ösüşiň depginini saklamak, maýa goýumlaryny artdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, saglygy goraýyş, bilim, ýaşlar syýasaty we durmuş goraglylygy boýunça maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak möhüm wezipeler hökmünde görkezilýär. Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlary bolup durýan senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma we oba hojalygy pudaklaryny ösdürmek, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilýändigi bellenmäge mynasypdyr.
Halkymyzda «Geňeşli don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen parasatly pähimler bar. Ýurdumyzda il agzybirliginde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem taryhy waka öwrülip, onda halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidi üçin öňde duran möhüm wezipeler maslahatlaşylyp, anyk çözgütler kesgitlener. Çünki geňeş — döwletli işlere badalga.
Goý, mukaddes Watanymyzda amala aşyrylýan giň möçberli işleriň sakasynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!